Berdimuhamedowlar Döwlet býujetini maslahatlaşdy. Ykdysatçy ilatyň ýurtdan gysylyp çykarylýandygyny aýdýar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky onlaýn maslahatynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we geljek ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy barada taýýarlan hasabatyny diňledi we, býujetiň taslamasyny umuman makullap, Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna iberdi.