ABŞ-nyň ýokary derejeli harby generaly Donald Trampyň prezidentlik möhletiniň soňky hepdelerinde gizlin ýagdaýda özüniň hytaýly kärdeşi bilen habarlaşyp, Birleşen Ştatlardaky ýagdaýlaryň kadalydygyny we hüjüm etmek meýilleriniň ýokdugyny aýdypdyr. Bu barada öňümizdäki hepde köpçülige ýetirilmeli kitapda bellenilýär diýip, 14-nji sentýabrdaky media maglumatlarynda aýdylýar.
ABŞ-nyň Bilelikdäki Baş ştabynyň başlygy general Mark Milleý Birleşen Ştatlardaky soňky prezidentlik saýlawlaryndan dört gün öň we 8-nji ýanwarda, ýagny Trampyň tarapdarlarynyň Waşingtonda Kapitol binasyna eden hüjüminden iki gün soň Hytaýyň baş generalyna jaň edipdir.
Milleý Trampyň prezidentliginiň soňky hepdelerinde amal edip biljek hereketleri boýunça alada galdy diýip, “Wehim” atly kitapda bellenilýär. Bu barada 14-nji sentýabrda Washington Post, AP we CNN habar berdi.
Maglumata görä, Milleý hytaýly general Li Zuoçenge eden ilkinji jaňynda “Amerikan hökümetiniň durnuklydygyny” aýdypdyr, şeýle-de ABŞ hüjümi planlaşdyrsa, bu barada öňünden duýdurmagy söz beripdir.
Kapitol binasyna edilen hüjümden soň, Milleý Liýe: “Biz 100% durnukly... emma demokratiýa kämahal imeşik bolup bilýär” diýipdir.
Tramp muňa jogap edip Hytaýa hüjüm etmek barada hiç haçan pikir etmändigini aýtdy. Şeýle-de, ol edilip bilinjek hüjüm barada Hytaýa öňünden duýdurmak wadasyny “dönüklik” hökmünde häsiýetlendirdi.