Owganystanda “Talybanyň” köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýdaky çaltlyk bilen paýtagt Kabuly eýelemegi birnäçe günden bäri dünýäniň köp ýurtlarynyň üns merkezindäki esasy özgerişlikleriň biri bolmagynda galýar. Soňky wakalaryň mümkin täsirleri barada aladalaryň artýan döwri, Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda habar serişdeleri hem günorta goňşusyndaky bolup geçýänler barada kelam agyz söz aýtmaýarlar, ilata düşündiriş bermeýärler.
Maýda ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini resmi ýagdaýda çykaryp başlamagyndan soň, “Talyban” degişlilikdäki gysga wagtyň içinde ýurduň möhüm şäherleriniň tas ählisini eýeledi we 15-nji awgustda paýtagt Kabula girdi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, owgan prezidenti Aşraf Gani hem ýurdy terk etdi.
Bu wakalar şol bada dünýädäki iri habar serişdelerinde gyssagly habar hökmünde beýan edilen bolsa, söz azatlygyny berk çäklendirýän Türkmenistan, özüniň 800 km töweregi serhet araçägi bolan goňşusyndaky ýagdaýlar barada häzirki güne çenli hem ilata düýbünden maglumat bermeýär.
Ýekşenbe güni, ýagny paýtagt Kabulyň synan güni “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky efirinde prezidentiň adyna gelen hatlar okaldy, onuň hepdäniň dowamyndaky gatnaşan çäreleri, halyçylyk senedi, telekeçi bagbanlar, ýurtdaky kanýonlar barada reportažlar berildi, emma goňşy Owganystanda yslamyň aşa berk kadalary esasynda döwlet dolandyryşyny gurmak isleýän “Talybanyň” Kabula girmegi, şol sanda prezidentiň köşgüni eýelemegi barada hiç zat aýdylmady.
Wakalaryň ertesi güni döwletiň eýeçiligindäki mediada, şol sanda gazetdir-žurnallarda hem bu barada ýene-de hiç maglumat berilmedi. Adatça bolşy ýaly metbugatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultyny dabaralandyrýan makalalar çap edildi. Ýogsa, şol günler paýtagt Kabuldaky ýagdaýlar bilen birlikde, türkmen-owgan serhedinde hem galagoply özgerişlikler bolupdy. Azatlygyň habar berişi ýaly, türkmen häkimiýetleri Owganystanyň demirgazyk sebitlerinden ýowuzlykdan gaçyp türkmen serhedine sygynan hökümet güýçlerini, bosgunlary, şol sanda etniki türkmenleri hem bitaraplyk statusyna salgylanyp, öz çägine geçirmändi.
Dünýäniň iň bir ýapyk ýurdy Türkmenistanyň döwlet emeldarlary, şol sanda Berdimuhamedow hem Owganystandaky ýagdaýlar, şeýle-de alaçsyz bosgunlar babatynda häzire çenli hiç hili reaksiýa bildirmediler, açyk beýanat bilen çykyş etmediler.
Şol bir wagtda, Merkezi Aziýanyň Owganystan bilen serhetleşýän beýleki döwletlerinde, ýagny Täjigistanda we Özbegistanda hökümet resmileri belli bir derejede goňşy döwletdäki ýagdaýlar barada çykyş edýärler, şeýle-de ýurduň öz içindäki habar serişdeleri hem bu ýagdaýlary giňden beýan edýärler. Galyberse-de, bu ýurtlar – Türkmenistandan tapawutlylykda – Owganystandaky zorlukdan gaçyp gelen bosgunlary, şol sanda hökümet harbylaryny hem öz serhet çägine goýberýärler.
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň žurnalisti Abdullo Aşurow täjik resmileriniň Owganystandaky ýagdaýlary yzarlaýandyklary barada ilaty habarly edip, ýurduň çägine goýberilen owgan bosgunlary barada hem jikme-jik maglumat berýändiklerini aýdýar.
“Düýn täjik resmileri ýurduň çägine [zorlukdan gaçyp gelen] 143 owgan harbysyny goýberendigini tassykladylar. Olar harby uçarlarda Buhtar şäherine geldiler. Harbylaryň arasynda iki aýal maşgala hem bar. Olar elindäki 53 sany ýaragyny tabşyrdylar. Olar häzir şäheriň uniwersitetleriniň biriniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirildi. Bu maglumaty resmi täjik häkimiýetleri tassykladylar. Owganystanyň Täjigistandaky ilçisi hem bu ýere baryp gördi we owgan harbylary bilen söhbetdeş boldy. Bu barada hem ýerli habar serişdelerinde maglumat berildi” diýip, Abdullo Aşurow sözüne goşdy.
Bu aralykda, synçylar türkmen häkimiýetleriniň, şol sanda ýurduň özüne hem täsir ýetirmegi mümkin, goňşy ýurtdaky bolup geçýän ýagdaýlar barada dymmagyna, bosgunlary kabul etmezligine tankydy garaýarlar. Türkmenistandaky ýagdaýlary içginden yzarlaýan ýazyjy Hudaýberdi Hally resmi Aşgabadyň häzirki hereketlerini “gorkaklyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
“Türkmenistan häzirki döwürde dymýar. [Bosgunlara] kömek bermekden geçen, gaýta Owganystandaky wakalar barada öz halkyna maglumat hem bermeýär. Türkmenlerde şeýle bir nakyl bar: “Kyýamat güni goňşudan”. Goňşynyň şular ýaly beýik borjy bar. Emma häzirki döwürde Türkmenistan şol borjuna hötde gelenok. Türkmenistan goňşusynda barýan betbagtçylygy, agyr heläkçiligi görmezlige salýar. Şol barada sesini çykarman durýar. Munuň özi diňe gorkaklyk. Gorkaklykdan başga hiç zat däl” diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy sözüne goşdy.
Mundan öň, Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlaryň ‘howsalalydygyny' belläp, ýurduň harby bölümlerinden owgan serhedine goşmaça güýçleriň iberilýändigini aýdypdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.