Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň maglumatlaryndan soň, türkmen DIM-i Owganystan barada bir bada üç beýanat ýaýratdy


Owgan bosgunlary ýurduň Pakistan bilen serhedinde
Owgan bosgunlary ýurduň Pakistan bilen serhedinde

Owganystanda “Talybanyň” köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýdaky çaltlyk bilen paýtagt Kabuly eýelemeginden üç gün soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi günorta goňşusyndaky bolup geçýän ýagdaýlar barada dymyşlygyny bozup, 18-nji awgustda bir bada üç beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatlar Owganystandaky wakalar dünýädäki iri habar serişdelerinde gyssagly habar hökmünde beýan edilýän mahaly, Owganystan bilen 800 km töweregi serhet araçägi bolan Türkmenistanyň özüniň goňşusyndaky ýagdaýlar barada ilata düýbünden maglumat bermeýändigi barada Azatlyk Radiosynda yzly-yzyna çap edilen maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Maý aýyndan bäri, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri Owganystandaky esgerlerini resmi ýagdaýda çykaryp başlamagynyň yzysüre, gysga wagtyň içinde ýurduň möhüm şäherleriniň tas ählisini eýelän "Talyban" 15-nji awgustda paýtagt Kabula girdi, şol sanda prezidentiň köşgüni eýeledi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, owgan prezidenti Aşraf Gani hem ýurdy terk etdi.

"...Türkmenistan owgan meseleleriniň ähli aýratynlyklarynyň syýasy-diplomatik serişdeleriň hem-de usullaryň ulanylmagy arkaly parahatçylykly çözülmegine berk ygrarly bolmagynda galýar" diýlip, türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň çap eden beýanatynda Türkmenistanyň Owganystany ýakyndan synlaýandygy hem bellenilýär.

Şeýle-de, beýanatda "bu ýurtdaky täze döwlet institutlarynyň ýakyn wagtda hukuk giňişliginde we Owganystanda ýaşaýan ähli etniki toparlaryň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda dörediljekdigine ynam bildirýändigi" hem nygtalýar.

Türkmen DIM-i ýurduň Kabuldaky ilçihanasynyň we Hyratdaky hem-de Mazari-Şerifdäki Baş konsullyklarynyň adaty tertipde işlemeklerini dowam edýändigini hem habar berýär.

Beýanatda Owganystandaky türkmen ilçihanasynyň we konsullyklarynyň binalarynyň daş-töwereginiň "Talybanyň" wekilleri tarapyndan "goralýandygy" hem bellenilýär.

"Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň hereket etmeginiň adaty tertibine laýyklykda öz üstlerine ýüklenilen wezipelerini doly göwrümde ýerine ýetirýärler. Diplomatik wekilhananyň hem-de konsullyk edaralarynyň işgär sanynyň azaldylmagy ýa-da hünärmenleriň bölekleýin ýurtdan çykarylmagy amala aşyrylmady" diýip, türkmen DIM-i mälim edýär.

Ýatlatsak, "Talyban" toparynyň hökümdarlygynda diplomatlaryň howp astyna düşmeginden alada edip, ýekşenbe güni dünýäniň ençeme ýurdy özleriniň Owganystandaky ilçihanasyny ewakuasiýa edip başlady. Käbir döwletler bolsa, Kabuldaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanynyň azaldandygyny, ýöne işiniň dowam etjekdigini mälim etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-owgan serhedindäki "Ymamnazar-Аkina" hem-de "Serhetabat-Turgundy" gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň hem adaty tertipde işleýändigini habar berýär.

"Taraplaryň ikisi tarapyndan kesgitlenen tertipde awtomobil tirkegleriniň hem-de demirýol wagonlarynyň zerur bolan mukdarynyň geçirilmegini üpjün edýärler" diýlip, beýanatda nygtalýar.

Şeýle-de, onda döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleriniň "Talybanyň" wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýandygy hem aýdylýar.

Türkmen DIM-niň Owganystan baradaky beýanatlary 18-nji awgustda giçlik we 19-njy awgustda irden hem dowam edip, ministrligiň websaýtynda ýene üç beýanat köpçülige ýetirildi.

Türkmen DIM-i 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif we Hyrat şäherlerindäki Baş konsullarynyň degişlilikde "Talybanyň" Balh we Hyrat welaýatlaryndaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşandyklaryny mälim etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň Owganystanyň demirgazyk we günbatar welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar, ýöne onuň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

"Talyban" 15-nji awgustda owgan paýtagty Kabuly eýeläninden bäri, bu waka dünýäniň köp ýurtlarynyň üns merkezindäki esasy özgerişlikleriň biri bolmagynda galýar.

Muňa garamazdan, söz azatlygyny berk çäklendirýän we dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýlar babatynda ilata maglumat bermän gelýär. Bu barada ýurduň metbugatynda we döwlet telekanallarynda hem habar berilmeýär.

Türkmen DIM-niň Owganystan babatynda ýaýradan üç beýanatlary, paýtagt Kabuldaky ýagdaýlar bilen birlikde, türkmen häkimiýetleriniň ýowuzlykdan gaçyp türkmen serhedine sygynan owgan hökümet güýçlerini, bosgunlary, şol sanda etniki türkmenleri hem bitaraplyk statusyna salgylanyp, öz çägine geçirmeýändigi barada Azatlykda yzly-yzyna çap edilen habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG