1-nji awgustda onlarça türkmen aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar syýasatyna garşy protest aksiýasyna geçirmäge synanyşdy.
Azatlyk Radiosy bu protest synanyşygy barada hepdäniň dowamynda jikme-jik habar berdi.
Protestçileriň hataryndan blogçy Farhad Durdyýew özüniň aldaw ýoly bilen türkmen wekilhanasynyň territoriýasyna eltilendigini we ol ýerde birnäçe sagatlap bikanun saklanandygyny hem-de Türkmenistanyň diplomatlary tarapyndan urlup-ýenjilendigini aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan kommentariýa alyp bilmeýär.
Gepleşigimiziň bu sanynda blogçy Farhad Durdyýew dynç güni özüniň türkmen wekilhanasynda duçar bolan wakalary barada jikme-jik gürrüň berýär.