“Talyban” hereketiniň strategiki maksatlaryň biri döwlet serhedini öz eline geçirmek bolup durýar: Owganystanyň serhedi günortada Pakistan bilen, demirgazykda Türkmenistan, Özbegistan hem Täjigistan bilen araçäkleşýär. Şol çäklere eýelik etmek söweşijileriň geljekki saklanyp galmak meselesini çözmeli. Serhede eýelik etmek näme üçin paýtagtyň gözegçiliginden has möhüm meselä öwrülýär? Bu barada Azatlyk Radiosynyň Häzirki zaman kanaly gürrüň berýär.
“Talyban” üçin serhet gözegçiligi esasy girdeji çeşmelerinden biridir. Bu neşe gaçakçylygy we gümrük töleglerinden alynýan ýygym. Söweşijiler serhedi ele geçirseler, muny her bir goňşy döwletiň araçäginde edip bilerler. Owganystan alty döwlet bilen serhetleşýär. Owganystanyň Eýran bilen günbatar serhedi ýeterlik derejede uzyn – müň kilometre golaý, ýöne ýerli şertleriň aýratynlyklary sebäpli neşe gaçakçylygy üçin amatly däl. Ol serhedi goramak örän aňsat. Owgan-Hytaý serhedinde bolşy ýaly, daglar bütinleý beýik bolup, ondan neşe eksportyny aşyrmak amatsyzdyr. Şeýlelikde, esasan iki gury ýol bar: günortada – Pakistana tarap we demirgazykda – Täjigistan, Türkmenistan hem Özbegistan ýollary. Şonuň üçin "Talyban" esasy güýjüni ýurduň demirgazygynda jemledi.
Täjigistan
Owganystan bilen Täjigistanyň araçägi Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende iň uzyn, ol takmynan 1400 km. deň. Araçägiň köp bölegi geçmesi gaty kyn ýerlerden geçýär. Köp ýerde bitarap zolagy kesgitleýän nusgawy bellikler hem ýok. Gorag nokatlary diňe serhet geçelgeleriniň golaýynda ýerleşýär.
SSSR döwründe Owganystandaky söweşlere gatnaşan weteran Waleriý Ablazow: “Başga ýerlere garanda, şol çäkde serhet ýok diýerlik, ol häzirem şol ýagdaýynda. Ol ýerleriň şerti örän çylşyrymly: demirgazykda serhet derýalary günbatar serhede has ýakyn we hakykat ýüzünde aýratyn taýýarlygy bolmadyk adamlara ol daglardan geçmek mümkin däl” diýýär.
Waleri Ablazow Owganystanda gulluk eden döwründe gündelik ýöredipdir. Ol şol döwürde harbylaryň üpjünçilik meselesinde howa güýçleriniň ýardam edendigine garamazdan, serhedi goramagyň gaty kyn düşendigini ýatlaýar. Tälim alan söweşijiler tiz ýadaýan ekeni hem-de borçlaryny doly güýjünde ýerine ýetirip bilmändirler.
"Ýagdaýy özümden hem gözegçilik postlarymyzdan gaty gowy bilýärin: adam iki hepde ýa-da bir aýda agyr ýadadýar. Ol suwdan, iýmitden we ş.m. mahrum bolan şertlerde hemişelik beýle daryşgan agyr şerte çydap bilmeýär" diýip, ol aýdýar.
General leýtenant Sergeý Çerwonopiski gulluk edýän wagtynda harby güýçlere ýük aşyrmak işleri boýunça dikuçar toparynyň komandiri bolupdyr. Iş meselesi bilen ol ähli serhet ýakalaryna diýen ýaly baryp görüpdi. Çerwonopiski Owganystanyň demirgazyk çäkleriniň ýagdaýy barada şeýle diýýär: "Sowet Soýuzynyň ägirt uly güýji bolan mahaly serhetleri goramak mümkindi. Häzirki wagtda serhedi gözegçilikde saklamak üçin ýeterlik güýjüň boljakdygyna ynam ýok"
Türkmenistan
"Talyban" hereketiniň ýüze çykyp, güýçlenip başlan döwründen, ýagny çärýek asyra golaý wagt bäri we häzirki wagtda-da goňşulary bilen deňeşdirilende Türkmenistan ol söweşijilere örän aram wepalylygyny görkezip geldi. Merkezi Aziýanyň iň ýapyk döwleti bilen “Talybanyň” arasyndaky gatnaşyklar Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginden has ozal başlanypdy. Türkmenistanly adam hukuklary boýunça aktiwist Farid Tuhbatullin muny özara peýdaly hyzmatdaşlyk diýip hasaplaýar. “Baryp Nyýazowyň döwründe neşe gaçakçylygynyň ýoly bardy, neşe serişdeleriniň köp mukdary Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzine we beýleki ýerlere iberilipdi. Meniň pikirimçe, häzir hem şeýle gyzyklanma bolmaly, olara pul gerek" diýip, Tuhbatullin aýdýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow S. Nyýazowyň ornuna prezident bolanda, resmi pozisiýa hasam berkleşdi. Soňky iki ýylda Türkmenistanyň häkimiýetleri ätiýaçdaky güýçler arkaly Owganystan bilen serhedini birnäçe gezek berkitdi ýa-da oňa harby enjamlary çekdi. Elbetde, resmi
Türkmenistan beýle harby hereketleriň geçirilenini soňky gezekde ret etdi. Bu, belki-de, diňe şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistan “Talybanyň” resmi wekiliýetini iki gezek kabul edenligi üçindir. Duşuşyklaryň maksadynyň serhetdäki ýagdaýyň durgunlylygy bolandygyny aradan aýryp bolmaz.
“Owganystandaky “Talybanyň” hatarynda Türkmenistandan çykanlar köp bolmaly, olar Siriýa söweşini başdan geçirenler hem Owganystanda söweşen adamlardyr. Şeýle adamlaryň ýurda gelmeginden we häkimiýetleriň dini frontda kynçylyk çekmeginden gorkýarlar" diýip, Farid Tuhbatullin düşündirýär.
Özbegistan
Özbegistanyň Owganystan bilen bary-ýogy 137 kilometrlik serhedi bar, ol hem Amyderýanyň üstünden geçýär. Bu 137 kilometrlik serhet gaty gowy berkidilen, şeýle-de bolsa, geçmäge emeli şertler bar. Mysal üçin, goňşy Täjigistanda bolşy ýaly, geçip bolmajak dag gerişleri päsgelçilik bermese-de, soňky aýyň dowamynda bosgunlar ol serhetden geçip boljakdygyny birnäçe gezek subut etdiler.
"Ilkinji gezekde geçenleriň sany bary-ýogy 53 adamdy. Soňra has köp adam geçdi. Şeýlelikde, resmi Özbegistan goşunlaryny öz serhet ýakalaryna çekmäge mejbur boldy" diýip, "Owozi tojik "gazetiniň žurnalisti Mirasror Ahorow aýdýar.
“Talyban” üçin özbek serhedindäki esasy maksat Termez şäherine barýan ýoly eýelemek bolmagy ähtimal. Şol ýerde serhetden Owganystan bilen Ýewropany birleşdirip biljek demir ýol ulgamy geçýär. Bu örän möhüm transport arteriýasy. Gadagan edilen harytlary aşyrmak üçin, iň amatly ulag demir ýol gatnawy saýylýar. Adatça ähli wagonlary barlamak mümkin däl diýen ýaly. Parahor emeldarlaram bolsa, başga zat hökman däl.
Owganystanyň demirgazyk serhedi
Türkmenistanyň, Özbegistanyň ýa-da Täjigistanyň Owganystan bilen serhedini doly öz gözegçiliginde saklap bilmek ähtimallygy örän pes, iň bolmanda üçünji bir güýjüň kömegi bolmazdan. Emma "Talyban" bu meseläni anyk kesgitledi. Eger bikanun ýollar bilen gaçakçylyk işlerini amala aşyryp bolmasa, tebigy kyn şertlerde köp mukdarda neşe serişdelerini eksport etmek mümkin däl, onda Kabula edilýän basyşy artdyrmak agyr düşjek.
Söhbetdeş bolan bilermenleriň köpüsiniň pikirine görä, “Talyban” entek-entekler Owganystanyň demirgazyk serhedinden geçmäge synanyşmaz. Owaly bilen olara ýurduň içinde öz häkimiýetini berkitmek gerek. Ýöne söweşijileriň içerki syýasaty uzak wagtlap ileri tutmajakdygy hakykat.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.