Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşyk hünärmenleri Garagum kanalynyň demirgazygyndan “Aşgabat-siti” ulgamyny gurmagyň howpludygyny prezidente aýtmakdan gorkýarlar


 “Aşgabat-siti” – Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky mega-taslamalarynyň biri bolup, gurluşyk işläri ýurduň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýän we ilatyň garyplaşýan wagtyna gabat gelýär.
“Aşgabat-siti” – Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky mega-taslamalarynyň biri bolup, gurluşyk işläri ýurduň agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýän we ilatyň garyplaşýan wagtyna gabat gelýär.

“Aşgabat-siti” taslamasynyň gurluşyk meýdançasynyň ep-esli böleginde ýokary gatlakda ýerasty suwlaryň bardygy aýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, proýekt işlerini geçirijiler onlarça belent binany öz içine alýan şeýle uly toplumyň gurluşygynyň soňy bilen uly kynçylyklar döredip biljekdiginden howatyr edýärler. Bu barada proýekte gatnaşan birnäçe hünärmen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Olaryň sözüne görä, gurluşyk ýolbaşçylary bu habar bilen prezidentiň ýanyna gitmekden gorkýarlar. Azatlyk köp ýyl bäri Türkmenistanda gidrogeologiýa bilen meşgullanyp gelen garaşsyz bilermen bilen söhbetdeş boldy, ol ýokary gatlakda ýerasty suwlaryň tapylanyna geň galmaýandygyny, ýöne ýerasty suwlary barlamak üçin, proýektçileriň näme üçin beýle köp wagt sarp edendiklerine düşünmeýändigini aýtdy.

Azatlygyň Aşgabat şäher häkimliginiň golaýyndaky çeşmelerine görä, gurluşyk üçin çukur gazmaga başlananda, ýüzde duran ýerasty suwlar tapylypdyr.

“Indi olar bu habar bilen prezidentiň ýanyna gitmekden gorkýarlar. Ýöne gurluşyk hünärmenleriniň ählisi bu ýagdaýda gymmat bahaly ýokary tehnologiýaly nasos desgalaryny gurmazdan, gurluşygy dowam etdirmegiň mümkin däldigini aýdýarlar. Bu ýerde-de täze halkara howa menzilindäki ýagdaý gaýtalanar diýýärler, ol desga açylandan gysga wagtyň içinde, diwarlarda uly jaýryklar döräp başlady. Ýöne hünärmenler “Aşgabat-sitiniň” Garagum kanalynyň demirgazygynda gurulýandygy sebäpli ýagdaýyň has çynlakaýdygyny we bu ýerde ne 35 gatly bina, ne-de beýik binalar gurup bolmaýandygyny aýdýarlar” diýip, çeşmämiz mälim edýär.

Ýatlatsak, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berlen täze halkara howa menziliniň binasy 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda agyr ýere çöküp başlady. Soňra bu meseläni çözmek üçin “Bouygues Construction” fransuz gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri getirildi.

“Garagum kanalynyň demirgazygyndaky sebitlerde ýerasty suwuň köp bolmagy hemmä belli hakykat. Ol taýda käbir ýerlerde ýerasty suwuň çuňlugy bir metrdenem ýokarda. Muny bilmek üçin çukur gazmak hökman däl. Hatda kanalyň günorta böleginden gurlan täze howa menzili dagdan gaýdýan ýerasty suwlardan halas däl, diňe ýerasty suwlary gije-gündiziň dowamynda sorup aýyrmak mümkin. Şeýle-de bolsa, 2017-nji ýylyň başynda howa menziliniň binasynyň çat açmagy, diwarlarda jaýryklaryň emele gelmegi bilen baglanyşykly mesele ýüze çykdy. Kanalyň demirgazygynda ýagdaý, elbetde, has çynlakaý bolar. Hünärmenleriň diňe howa menzilindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyndan howatyr edýändigine geň galýaryn. Hünärmen bolsalar, muňa hökman ynanmalydyrlar. Ilkibaşdan men näme üçin şol ýerden gurluşyk işleriniň başlanmagyna düşünmedim. Munuň özi gurluşyga şeýle karar beren wezipeli adamlaryň düýbünden sowatsyzdygyny görkezýär" diýip, köp ýyllap gidrogeologiýa bilen meşgullanan bilermen aýdýar.

“Aşgabat-siti” taslamasy türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde, Gurtly suw howdanynyň golaýynda gurulýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň prezidenti “Aşgabat-siti” gurluşygyny uly dabara bilen açdy. Resmi maglumatlara görä, toplumyň umumy meýdany 744 gektar bolup, 12-35 gat belentligi bolan we 107 müň ilat üçin niýetlenen 180 ýaşaýyş jaýy we beýleki goşmaça desgalary, jemi 200-den gowrak binany öz içine alar. Hünärmenler ozal hem ýer titremesine sezewar bolan Aşgabatda 35 gatly binany gurmagyň netijesiz boljakdygy barada alada bildirdiler.

Gidrogeologiýa hünärmeni Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde, Aşgabat sebitinde gurluşygyň dowam etdirilmeginiň beýleki problemalara-da sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

“Ýerasty suwlar bilen baglanyşykly beýleki bir agyr ýagdaý – şorlaşmak. Bu diňe bir ýaşyl meýdanlara däl, duz hatda gatadylan topraga-da aralaşyp, binalara howp salyp biler. Şeýle ýerler üçin duza çydamly, gaty gymmat bahaly ýörite beton ulanmaly, bu gaty gymmada düşýär. Şeýle hem, ýerasty suwlaryň ýokary bolmagy seýsmiki howpy-da ýokarlanýar" diýip, bilermen aýdýar.

Başga bir çeşme bolsa prezident administrasiýasynyň bu meseläni eýýäm bilýändigini öňe sürýär. Görnüşinden, hut şonuň üçin premýer-ministriň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň wezipeden aýrylmagy we “Aşgabat-siti” gurluşyk müdirliginiň başlygy wezipesine bellenmegine sebäp bolandyr.

““Aşgabat-siti” taslamasyny döredijileriň biri Durdylyýew şäher häkimi bolup işleýärdi. Ähli arhitektura taslamalary hem dokumentler onuň elinden geçýärdi. Garagum kanalynyň demirgazygyndaky öňki Çoganly daça ýerlerinde gurluşyk işlerini başlamagy prezidente ol teklip edipdi. Görnüşinden, bar bolan problemalar barada prezidente eýýäm habar berlendir, şonuň üçinem bu problemalary özüne çözdürmek üçin, Durdylyýew gurluşyk meýdançasyna iberildi" diýip, Aşgabat şäher häkimligine golaý çeşmämiz aýdýar.

Prezident Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milliardlarça dollarlyk täze bir mega-taslamanyň gurluşygy, ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagtynda başlaýar, şol sebäpli ilatyň aglaba bölegi garyplyk girdabyna iterilýär.

Berdimuhamedowyň dolandyran 15 ýyl töweregi döwründe gurlan we onlarça milliard dollar biderek sarp edilen desgalaryň köpüsi ýyl dowamynda ulanylmaýar. Resmi maglumatlara görä, soňky bäş ýylda Türkmenistanda gurluşyk taslamalaryna 50 milliard dollardan gowrak serişde sarp edildi. Bu döwürde, ýene resmi maglumatlara salgylansak, döwlet býujeti ýylda ortaça 10% azaldy we 2017-nji ýylda 104 milliard manat bolanlygyndan, 2021-nji ýylda 79 milliard manada çenli azaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG