Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň ýene bir sebitinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny we bir gatly howly jaýlaryny ýumurmaga taýýarlanýar. Şol bir wagtda, resmiler jaýlary ýykyljak maşgalalara ýaşamaga ýer ýa-da kompensasiýa berilmejekdigini duýdurýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 10-a golaý dört gatly ýaşaýyş jaýynyň we olaryň golaýyndaky bir gatly howly jaýlarynyň ençemesiniň ýykyljakdygy barada jaý eýelerine duýduryş haty iberildi.
"Şäher häkimligi daşy ak mermer bilen örtülen we ýaşap oturan jaýlarymyzyň näme sebäpden ýykyljakdygy barada anyk düşündiriş bermeýär" diýip, adynyň efirde aýdylmazlygyny soran, jaýy ýykyljakdygy barada duýduryş hatyny alan ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Bu köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we bir gatly howly jaýlarynyň toplumy günortada Atamyrat Nyýazow şaýoly, günbatarda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, gündogarda Nurmuhammet Andalip we demirgazykda Baba Japbarow köçeleri aralygynda ýerleşýär.
Jaýlary ýykyljak ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, şäher häkimi "häzirki wagtda gurulýan ýa-da gurluşygyna başlanan jaýlaryň ýokdugyny" belläp, jaýlary ýykyljak maşgalalara kompensasiýa berilmejekdigini mälim edipdir.
Ýöne ol "Türkmenistanda ykdysady ýagdaýlar gowulaşyp, Parahat 7 etrapçasynda täze jaýlar gurulsa, onda olara şol ýerden jaý beriljekdigini" hem aýdypdyr.
"Häkim şoňa çenli jaýy ýykylýan hojalyklaryň dogan-garyndaşlarynyň ýanynda ýa-da kireýine jaý alyp, ýaşamaly boljakdygyny duýdurdy. Şeýle-de, ol jaýsyz galjak ýaşaýjylara gymmat bahadan "elitnyý" jaýlardan ipoteka jaý hem hödürledi. Ýöne muny almaga maşgalalaryň aglabasynda maddy mümkinçilik ýok" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy jaýlaryň takyk haçan ýykyljakdygyny anyklap bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu ýykyşlyk barada Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat hem alyp bilmedi. Ýykyljak jaýlaryň deregine nähili gurluşyklaryň amala aşyryljakdygyny hem anyklap bolmady.
Maglumat üçin bellesek, ýykylmagy göz önünde tutulýan jaýlar “Nissa” myhmanhanasynyň, Türkmenistanyň prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň, Türkmenistanyň Harby ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we onuň baş ştabynyň diňe birnäçe metr golaýynda ýerleşýär.
Şeýle-de, oktýabryň ahyrynda bu jaýlaryň ýerleşýän sebitinde, has takygy Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda we Baba Japbarow köçesiniň çep tarapynda täze "Diwan" myhmanhanasy ulanylmaga berildi. Kaşaň myhmanhananyň 28-nji oktýabrda geçirilen açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrýan ýyllarynda, hususan-da soňky onýyllygyň dowamynda Aşgabadyň merkezinde we eteginde köp gatly hem-de howly jaýlaryň müňlerçesi ýykyldy. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeşlikde jaýy ýykylan köp maşgala özlerine kompensasiýa berilmändigini gürrüň berdi.
Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri, ýykylan jaýlaryň deregine millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanyp, täze seýilgähler, myhmanhanalar we beýleki desgalar gurulýar. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi bu desgalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýar.
19-njy noýabrda türkmen emeldarlary Aşgabadyň seýsmologiki taýdan aktiw bir sebitinde 35 gatly binanyň guruljakdygyny aýtdylar, ýöne onuň gurluşygyna harçlanjak maliýe serişdesini yglan etmediler. TDH täze binanyň, şeýle-de başga köp gatly desgalaryň paýtagtyň demirgazyk sebitinde gurulmagy göz öňünde tutulýan “Aşgabat-Siti” toplumynyň çäginde galdyryljakdygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.