Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri aktiwist Myrat Düşemowy hem-de onuň inisini tussag etdi


Türkmenistanly raýat aktiwisti Myrat Düşemow
Türkmenistanly raýat aktiwisti Myrat Düşemow

Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowyň 32 ýaşly inisi Alty Düşemow ýitirim boldy. Onuň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan tussag edilendigine ynanylýar. 37 ýaşly Myrat Düşemowyň özi hem-de onuň iki tanyşy 7-nji iýulda Aşgabat – Daşoguz magistralynyň ugrunda türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi. Bular barada garaşsyz “Turkmen.news” neşiri “Azat Turkmen” YouTube kanalyna salgylanyp, habar berýär.

Maglumata görä, 7-nji iýulda Myrat Düşemow hem-de onuň iki ýoldaşy – Juma Jumakaýew we onuň ýanýoldaşy Leýli Nurmedowa – Daşoguz welaýatynda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryny görmek üçin, gara ýol bilen Aşgabatdan Daşogza barýarka Ruhubelent etrabynyň ýol gözegçilik nokadynda ýol polisiýasy tarapyndan saklanýar. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ýolagçylardan negatiw COVID-19 test netijeleriniň görkezilmegini talap edýär. Aktiwist we onuň ýaranlary polisiýanyň şeýle talabyna garşy gidip, bu talap boýunça Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň buýrugynyň özlerine görkezilmegini talap edýär.

Türkmenistanda pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri öz güýjünde galýar. Bir welaýatdan başga welaýata gitmek isleýän raýatlardan negatiw koronawirus test netijesini görkezmek talap edilýär.

Munuň yz ýany, Duşemow hem-de onuň iki ýoldaşy polisiýa tarapyndan tussag edilýär, ýöne soňra Leýli Nurmetowa jerime bilen tussaglykdan boşadylypdyr.

Neşiriň ýazmagyna görä, bu wakanyň yz ýany, 16-njy iýulda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Jenaýat agtaryş bölüminiň bir işgäridigi aýdylýan adam Düşemowlaryň Büzmeýinde ýerleşýän öýlerine baryp, onuň inisi Alty Düşemowy hem-de onuň iki dostuny näbelli tarapa alyp gidipdir. Maglumata görä, Alty öz aktiwist agasynyň tussag edilmegi barada garaşsyz žurnalistlere habar bermekde ‘aýyplanýar’. Ýöne jenaýat derňew bölüminiň işgäridigi aýdylýan adam Altyny we onuň iki dostuny näbelli tarapa alyp gideninde, bu tussag etme boýunça kazyýet kararyny ýa-da başga resminama görkezmändir.

Maşgalanyň Altynyň nirede saklanýandygy barada häkimiýetlerden maglumat almak synanyşyklary netije bermeýär.

Neşiriň habar bermegine görä, Myrat Düşemow hem-de onuň ýoldaşy Juma Jumakaýew häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda deslapky tussaglykda saklanýar.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň tomsunda aktiwist Myrat Düşemow sosial ulgamlarda özüniň syýasy garaýyşlaryny beýan edenden soňra, türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi we biraz salym soň öý tussaglygy şerti bilen erkinlige goýberildi.

Geçen iýunda ol Büzmeýiniň 12-nji saglyk öýünde häkimiýetleriň koronawirusa garşy mejbury sanjym talaplary boýunça saglyk resmilerinden düşündiriş talap edip, bu gürrüňdeşligiň gizlin düşürilen wideosyny sosial ulgamlara syzdyrandan soňra, Büzmeýiniň etrap kazyýeti tarapyndan jemgyýetçilik ýerinde goh-galmagal turuzmakda günäli tapylyp, 100 manat möçberinde jerime tölemäge mejbur edildi.

"Turkmen.news" neşiriniň habar bermegine görä, aktiwistiň inisi Alty Düşemow bolsa, 9-njy iýulda bir ýerli bankdan pul nagtlaşdyrmaga baranynda, “Türkmenistanda koronawirusyň ýoklugy sebäpli” köpçülik ýerinde maska geýmekden boýun gaçyrany üçin häkimiýetler bilen gapma-garşylyga duçar bolupdyr we munuň netijesinde Altynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berilmändir.

Soňky wagtlarda Türkmenistanda häkimiýetler aktiwistlere we özleriniň häkimiýetleriňkä gabat gelmeýän pikir-garaýyşlaryny aç-açan beýan edýän raýatlara garşy basyşlaryny güýçlendirýär.

“Turkmen.news” neşiri, Gökdepe şäherinde ýerleşýän “Ene mähri” merkeziniň öňki lukmany, 2017-nji ýylda näsaglardan para almakdan boýun gaçyrandan soňra işden boşadylan Hursanaý Ismatullaýewanyň 16-njy iýulda giçlik raýat eşikli we polisiýa uniformaly jemi on adam tarapyndan öz ýaşaýan jaýyndan näbelli tarapa alnyp gidilendigi barada habar berdi.

Has ozal, "Turkmen.news" 2020-nji ýylyň noýabrynda Ismatullaýewanyň bikanun işden boşadylmagy we onuň özi babatda ýol berlen adalatsyzlygy düzetmäge synanyşmagy barada habar berdi.

Ýurt içinde aktiwistlere garşy güýçlenýän basyşlar 15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen wideoşekilli maslahat gurnap, onuň dowamynda ynsan hukuklaryny goraýjy türkmen toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan babatynda eden çykyşlarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Merkezi Aziýadan 70 töweregi ynsan hukuklaryny goraýjynyň gatnaşan ýygnagyna Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem-de “Turkmen.news” neşiriniň baş redaktory, derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew gatnaşdy.

Mätiýew adam hukuklarynyň sebitdäki ýagdaýy boýunça geçirilen çärede gözgyny hukuk kemsitmelere ýol berýän türkmen häkimiýetleriniň diňe “sanksiýalaryň diline düşünýändigini” aýdyp çykyş etdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus keselini boýun almaýar we soňky birnäçe ýyl bäri has-da ýaramazlaşýan ykdysady krizisi, hususan-da azyk howpsuzlygynyň ebgarly ýagdaýyny boýun almaýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Tuhbatulliniň sözlerine görä, krizisiň esasy sebäbi häkimiýetleriň Konstitusiýany, raýatlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny äsgermezligi, ilat bilen häkimiýetleriň arasyndaky bozuk aragatnaşyk, ýurt içinde raýat jemgyýetiniň başlangyçlarynyň ýok edilmegi we garaşsyz habar serişdeleriniň ýetmezçiligi bolup durýar.

Synçylara görä, soňky günlerde aktiwist Düşemowyň, hem-de onuň ýaranlarynyň we inisiniň tussag edilmegi, şeýle-de öz iş, hünär hukuklaryny talap eden öňki lukman Ismatullaýewanyň näbelli şertlerde ýitirim edilmegi häkimiýetleriň dürli pikirliligi basyp ýatyrmakdaky basyşlarynyň täze derejesi hasaplanýar.

Bu aralykda, 19-njy iýulda daşary ýurtlardaky türkmen raýat toparlarynyň agzalary Myrat Düşemowyň hem-de onuň ýaranlarynyň Türkmenistanda tussag edilmegini ýazgaryp, beýanat bilen çykyş etdiler we türkmen häkimiýetlerinden aktiwistleri derhal boşatmagy talap etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG