12-16-njy iýulda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistana, Täjigistana we Özbegistana sapar etdi. Öňünden meýilleşdirilen resmi saparlar Merkezi Aziýanyň günorta goňşusy Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtyna gabat geldi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Hytaýyň Merkezi Aziýada barha batlanýan ykdysady agalygynyň fonunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna syn edýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Rid Stendiş 15-nji iýulda Hytaýyň sebitde barha güýçlenýän täsiri barada Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.
Azatlyk Radiosy: Hytaýyň daşary işler ministri Wan I 12-13-nji iýul günleri Türkmenistana sapar edip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşyklarda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça ylalaşdy. Hytaý ministriniň Türkmenistana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän sapary goňşy Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşyp, “Talyban” jeňçileriniň Demirgazyk Owganystanda öz territoriýasyny giňeldýän wagtyna gabat gelýär. Owganystanda bolup geçýän soňky wakalaryň fonunda hytaý ministriniň sebite amala aşyrýan saparyna nähili garaýarsyňyz?
Rid Stendiş: Saparyň üns çeken iki tarapy bar: bir tarapdan aýdylanda, bu öňünden meýilleşdirilen sapardyr. Bu, “Talyban” Demirgazyk Owganystanda heniz öz çägini häzirkisi ýaly giňeldip, goňşularda howsala döredip başlamanka, öňünden meýilleşdirildi. Ýöne, biz Wan Iniň Türkmenistana eden saparynyň owgan meselesi bilen bagly ugruny hem görýäris. Wan I Türkmenistana sapar edip, energiýa ylalaşyklaryny hem-de ykdysadyýet we infrastruktura babatynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahat etdi. Bilşimiz ýaly, Aşgabat bilen Pekiniň gatnaşyklarynda, isle ýadro energiýasy bolsun, isle mawy ýangyç, energiýa meselesi örän möhüm orun eýeleýär. Ýöne, elbetde, Owganystandaky ýagdaýlar saparyň gün tertibine girizildi. Bu Pekin üçin hem, Aşgabat üçin hem örän uly alada döredýär. Häzir Hytaý özüniň Owganystandaky roluny kesgitlemäge synanyşýar, we bu belli bir derejede entek doly kämilleşmedi, ýöne görşümiz ýaly Hytaý, hakykatdan-da, diplomatik ýoly saýlap almaga ýykgyn edýär. Elbetde, Hytaýyň Merkezi Aziýada we Owganystanda maliýe taýdan örän uly täsir güýji bar.
Azatlyk Radiosy: Hytaý mediasynyň habar bermegine görä, Hytaý Türkmenistan bilen howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýär. Türkmenistan özüniň milli howpsuzlygyny gorap bileri ýaly, Hytaý Türkmenistana “däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk ýardamyny” wada berýär. Mundan ozal, Hytaý Türkmenistan bilen söwda-ykdysady ugurlarda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk edip gelýärdi. Ýöne, ol, belki-de, ilkinji gezek jemgyýetçilige açyk görnüşde Türkmenistana “däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk goldawyny” mälim etdi. Bu nämäni aňladýar?
Rid Stendiş: Mydama bolşy ýaly, Türkmenistan we Hytaý ýaly ýapyk gapylaryň aňyrsynda hökümetleriň nämeler barada maslahat edýändigi aýan edilmeýän ýurtlaryň islendik ylalaşyklarynda jikme-jiklikler äşgär edilmeýär. Şonuň üçin, munuň [ýagny, däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlyk goldawynyň] nämäni aňladýandygyny anyk bilip bolmaýar. Ýöne haçan-da Hytaý howpsuzlyk barada gürrüň edeninde, bu isle däp bolan howpsuzlyk bolsun, isle-de däp bolmadyk howpsuzlyk, men onuň aňtaw maglumatlaryny alyşmak islegleri barada pikir edýärin. Hytaý Demirgazyk Owganystanda bolup geçýän zatlary göz astynda saklamak üçin, we belli bir derejede aňtaw maglumatlaryny toplamak üçin Täjigistana harby post gurup berdi. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, Hytaý iki taraply gatnaşyk ugurlaryny açmaga synanyşýar. Hytaýyň Owganystan boýunça baş aladasy ekstremist toparlar, hususan-da uýgurlar bilen baglydyr. Hytaý Owganystanda esasan şolara üns berýär we Hytaýyň Owganystan bilen bagly esasy aladasy şolardyr.
Şeýle sözüň, [ýagny däp bolan we däp bolmadyk howpsuzlygyň] agzalmagy, siziň hem belleýşiňiz ýaly, örän geň. Bu ozal aýdylan gürrüň däl. Şeýle-de, Hytaýyň sebitdäki roly, belli bir derejede öz-özünden, tebigy taýdan kemala geler. Beýleki tarapdan, Russiýa Merkezi Aziýada heniz hem örän täsirli we harby aktýordyr. Ol belli bir wagt, harby tehnika satmak we ýardam üpjünçiligi babatynda şeýle bolmagynda-da galar. Ýöne Türkmenistan ne Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza, ne-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza, ýöne ol Hytaý bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara isleg bildirýär. Bu, Hytaýyň öz goňşulary bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýandygyny we onuň sebitde has uly rol oýnamaga isleg bildirýändigini görkezýär. Hususan-da, bu, aňtaw maglumatlaryny ýygnamak, sebitdäki ýurtlaryň arasynda bilelikde harby türgenleşikleri geçirmek we, belki-de, barha ýokarlanýan ýarag söwdasy ýaly ugurlarda onuň [sebitde has möhüm rol almaga isleg bildirýändigini görkezýär]. Elbetde, dünýäde Birleşen Ştatlary ýarag satmakda öňdebaryjy ýurt, ikinji orunda Russiýa durýar. Ýöne Hytaý hem ýarag söwdasynda barha öňe gidýär we Merkezi Aziýa ýurtlaryna barha köp ýarag satýar.
Azatlyk Radiosy: Hytaý diplomaty Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Hytaýyň Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny we Türkmenistanyň içerki işlerine daşardan gatyşylmagyna garşy çykýandygyny aýtdy. Türkmenistan onsuz hem harby ýaranlyklara ýa-da halkara harby guramalara gatnaşmaýar. Hiç zat ýok ýerden näme sebäpden Hytaý şu wagt Türkmenistanyň bitaraplygyna we onuň içerki işlerine daşardan gatyşylmazlygyna üns çekýär?
Rid Stendiş: Aslynda, meniň pikirimçe, Hytaýyň bitaraplyk barada aýdýanlary esasan Türkmenistan barada däl-de, esasan Hytaýyň özi barasynda. Onuň bu aýdýanlary Hytaýyň resmi ritorikasyna, Hytaýyň özüni dünýäde nähili görkezmek isleýändigine gabat gelýär. Hytaý, hakykatdan-da, özüni ABŞ-nyň garşysynda görkezmäge synanyşýar. Muny häzir Hytaýyň resmi ritorikasynda, onuň Owganystan barada aýdýanlarynda görmek bolýar. Hytaýa görä, ABŞ özge ýurtlaryň işlerine goşulyşmak isleýän interwensiýa ediji, gatyşyjy güýç. Munuň tersine Hytaý “özge ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaýar” ýöne öz gezeginde Hytaý öz içerki işlerine-de özge ýurtlaryň gatyşmagyny islemeýär.
[Çarşenbe güni] Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň [47-nji] sessiýasynda Türkmenistanyň wekili Hytaýyň içerki işleri babatynda Türkmenistanyň pozisiýasyny öňe sürüp, BMG-da we beýleki guramalarda Günbatar hökümetleriniň Sinjiangda bolup geçýän hukuk kemsitmeleri boýunça Hytaýa basyş etmegine garşy çykyş etdi. Hytaýyň Sinjiangda uýgur musulmanlaryny, etniki gazaklary, gyrgyzlary we beýleki toparlary gabaw lagerlerinde saklaýandygyna ynanylýar. Türkmenistanyň wekili Hong Kong babatynda hem Türkmenistanyň pozisiýasyny öňe sürdi. Bu meseleler Hytaý üçin örän ynjyk meseleler. Hytaýyň türkmen bitaraplygyna goldaw beýan etmegi bilen, Türkmenistan hem Hytaýyň resmi ritorikasyna eýerip, “biz hem Hytaýyň içerki işlerine gatyşmaly däl” diýýär.
Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýa barada gürrüň edilende ekspertler, analitikler XIX asyrda başlanan “Beýik Oýun” adalgasyna salgylanýar. Hytaý, belki-de, sebitde iň täze aktýor. Hytaýyň Merkezi Aziýada, hususan-da Türkmenistanda söwdadan we ykdysadyýetden başga nähili bähbitleri bar? Meselem, ABŞ ýa-da Günbatar hökümetleri, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen işleşende adam hukuklarynyň götergilenmegine üns berýär. Russiýa Merkezi Aziýada, hususan-da howpsuzlyk babatynda esasy güýç we ol özüniň sebitdäki 100 ýyldan gowrak täsiri sebäpli ýerli hökümetlerden wagtal-wagtal wepadarlyga garaşýan bolmagy mümkin. Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda şert goýýarmy, nähili şert goýýar?
Rid Stendiş: Meniň özüm “Beýik oýun” gürrüňleri bilen kän bir ylalaşmaýaryn, ýöne, hususan-da ABŞ-nyň Owganystana goşun salmagynyň yz ýany, köp sanly analitik Merkezi Aziýa babatynda “Täze beýik oýundan” söz açdy. ABŞ Özbegistanda we Gyrgyzystanda harby baza gurdy. Bu ABŞ we Russiýanyň arasynda, soňra bosla Hytaýyň arasynda çylşyrymly dinamikalaryň emele gelmegine ýol açdy. Ýöne häzir bolup geçýän wakalara syn edilse, meselem, Günbatar žurnalistleri Baýden administrasiýasynyň Merkezi Aziýada gaýtadan harby baza açmaga synanyşýandygyny habar berýärler. Ýöne bu gyzgyn garşylanmaýar, munuň bölekleýin sebäbi: Russiýa bilen Hytaýyň ikisi-de özleriniň Merkezi Aziýaly goňşularyna basyş edip, olara muny kabul etmezligi tabşyrýarlar.
Gepiň tümmek ýeri, hawa, belki “Täze beýik oýun” bolandyr, ýöne bu gutardy. Gysgaça aýdylanda, meniň pikirimçe Hytaý “Täze beýik oýunyň” ýeňijileriniň biri boldy.
Merkezi Aziýada Hytaýyň barha batlanýan täsirine syn edilse, siziň hem belleýşiňiz ýaly, Hytaý “Ýol-guşak” inisiatiwasy ýaly başlangyçlaryň kömegi bilen ykdysady ugurlara gönükdi, sebite bir topar maýa goýuldy. Bularyň köp bölegi esasan Gazagystana gönükdirildi, ýöne Türkmenistan barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň energiýa pudagyna kän maýa goýuldy. Hytaý Türkmenistan üçin örän möhüm energiýa bazarydyr.
Mundan soň nämeler bolar diýilse, meniň pikirimçe, bu belli bir derejede tebigy prosesdir. Merkezi Aziýa Hytaý üçin, mydama-da, öz çäginiň daşynda täsir güýjüni giňeltmekde howpsuz zona boldy. Merkezi Aziýa ýurtlary maýa goýum serişdelerine mätäçdi. Hytaýa-da bir ýerlere serişde goýmak zerurdy, Merkezi Aziýa bolsa, onuň gapdal goňşusy. Bu aslynda Hytaýyň öz içerki howpsuzlyk meselesi bilen, Sinjiang bilen, Hytaýyň resmi howpsuzlyk strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşykly. Merkezi Aziýany inwestisiýalar bilen durnuklylaşdyrmak Sinjiangy we sebiti durnuklylaşdyrmagyň bir usulydy. Bu Hytaýa öz serhediniň ugrunda ýerleşýän ýurtlarda howpsuz bufer zona döretmek mümkinçiligini berýär.
Indi bolsa, Owganystanda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşýan wagty, Hytaý täze şertlere hüşgärlik bilen çalt uýgunlaşmaga synanyşýar. Meniň pikirimçe, Hytaý özüniň näme etmek isleýändigini anyk bilenok. Elbetde, Hytaý ABŞ-nyň täsir derejesine eýe bolmak islemeýär, we ABŞ-nyň eden işlerini gaýtalamak islemeýär, ýöne şol bir wagtyň özünde özüni dünýäniň öňdebaryjy güýji hökmünde görkezýär. Meniň pikirimçe, Pekin dünýä güýjine öwrülmegi kararlaşdyran hem bolsa, onuň häzir özüniň nähili dünýä güýji bolmak isleýändigine göz ýetirmegi örän kyn.
Azatlyk Radiosy: Geliň, indi ýerli ilat barada gürrüň edeli! Merkezi Aziýa halklary onýyllyklaryň dowamynda rus diline uýgunlaşdy, sebit ýaşaýjylary iňlis dilini öwrenmäge ýykgyn edýär. Merkezi Aziýa halklary üçin rus medeniýeti tanyş, günbatar medeniýeti biraz tanyş, ýöne “ýumşak güýç” babatynda Hytaý sebitde nä dereje üstünlik gazanyp biler!?
Rid Stendiş: Meniň pikirimçe bu örän gyzykly sorag. Meniň pikirimçe, Hytaý esasan hem ýerli halklaryň garşylygyna duçar boldy. Ýöne hökümet derejesindäki gatnaşyklara syn edilse, bu gatnaşyklar örän ysnyşykly. Pekin Merkezi Aziýa hökümetleriniň ählisi bilen örän ysnyşykly gatnaşyk saklaýar. Munuň bölekleýin sebäbi – sebitde Hytaýa täsirli döwlet hökmünde garalýar we ol Merkezi Aziýanyň edil gapdal goňşusy. Şeýle-de, ol sebite maýa goýmaga isleg bildirip gelýär. Galyberse-de, Russiýada Hytaý bilen deňeşdirilende sebite gönükdirmek üçin köp serişde ýok. Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar ýaly Günbatar ýurtlaryna syn edilse, olar sebite maýa goýmakda ätiýaçly hereket edýär. Bularyň ählisi bolsa Hytaýa giň mümkinçilik döredýär.
Ýöne Hytaýyň sebitde barha güýçlenýän täsiri ýaňy-ýakynda emele geldi, entek ýerli ilatyň bir nesli hem bu täsiri doly görmedi. Şonuň üçin-de, sebitde ýönekeý adamlar Hytaýa garşy garşylyk besleýär. Hususan-da, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda adamlarda, Hytaý olaryň ýerlerine eýeçilik eder diýen gorky bilen we başga-da şuňa meňzeş ýagdaýlar sebäpli, Hytaýa garşy protestler döredi.
Ýöne uzak möhletde bu zatlaryň ählisi Merkezi Aziýa hökümetleriniň isleglerine bagly bolar. Hytaýyň daşary syýasat arkaly durmuşa geçirýän çylşyrymly “ýumşak täsir” elementleri bar, ýöne ol şeýle gurallary beýleki sebitler bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýada heniz ýaýbaňlandyrmady. Sebitiň hususan-da ykdysady taýdan Hytaýa garaşly galmagy bilen, bu, onýyllyklaryň dowamynda tebigy ýagdaýda amala aşýan proses, belki biz munuň netijelerini heniz dessine görýän däldiris. Ýöne barha köp adamyň hytaý dilini öwrenmegi bilen, barha köp adamyň Hytaý kompaniýalarynda işlemegi bilen, “Huawei” ýaly iri hytaý kompaniýalarynyň sebitde örňemegi bilen [bu ýüze çykar]. Pandemiýa döwründe Hytaýyň medisina kompaniýalary sebitde has möhüm rol oýnady. Ozallar sebitde rus kompaniýalary möhüm orun eýeleýärdi. Bu haýal iş, şonuň üçin biz muny görüp bilmeýäris, ýöne gürrüňsiz, bu proses häzir bolup geçýär. Meniň pikirimçe, adamlar islese-de, islemese-de, Hytaý sebitde adaty raýatlaryň gündelik durmuşyna barha köp täsir eder. Bu gynansak-da şeýle.
Azatlyk Radiosy: Iň soňky sorag, ýöne, belki-de iň möhüm sorag: Siziň hem belleýşiňiz ýaly, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Türkmenistanyň wekili Sinjiang we Hong Kong babatynda Türkmenistanyň Hytaýyň pozisiýasyny goldaýandygyny aýdyp çykyş etdi. Günbatar hökümetleri Hytaýy Sinjiangda uýgur ilatynyň we beýleki etniki azlyklaryň hukuklaryny gödek kemsitmekde tankyt edýärler. Dünýewi Türkmenistanyň ilatynyň aglaba bölegi musulman hasaplanýar. Türkmenistanyň bu meselede Hytaýyň pozisiýasyny goldamagy sizi geň galdyrdymy?
Rid Stendiş: Meni asla geň galdyrmady. Hytaý özüniň ýakyn gatnaşyk saklaýan ýurtlarynda bu meseläni berk öňe sürýär. Halkara arena gezek geleninde, Hytaý üçin üç sany uly mesele bar: Sinjiang, Hong Kong we Taýwan. Türkmenistan wekili Sinjiang we Hong Kong boýunça Hytaýyň pozisiýasyny goldamak bilen bir hatarda, bitewi Hytaý (“Bir Hytaý”) syýasatyna-da goldaw beýan etdi. Türkmenistan Taýwanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeýär.
Hytaý şu üç şerti kabul eden ýurtlary ýakyn gatnaşyk saklamaga mynasyp hasaplaýar. Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň Hytaýdan waksina alyp-almaýandygy bilen, ýa-da waksinalary Hytaýyň Türkmenistana eçilip-eçilmezligi bilen has aýdyňlaşar.
Hytaý halkara arenada özüniň syýasy ritorikasyny gaýtalaýan ýaranlaryny ileri tutýar.
Siziň hem belleýşiňiz ýaly, hawa, Türkmenistan musulman ýurt, ýöne şol bir wagtyň özünde Türkmenistan awtoritar ýurt. Eger-de yslam dünýäsine syn edilse, Türkiýäniň prezidenti [Rejep Taýýip] Erdogandan başga tas ähli musulman liderler Sinjiang babatynda ýa dymýar, ýa-da Hytaýyň pozisiýasyny goldaýar. Şonuň üçin bu meni geňirgendirmedi.
Azatlyk Radiosy: Gepleşigimize gatnaşyp beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
Rid Stendiş: Siz hem sag boluň!