Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Edilýänini etmeseň', Maryda manat nagtlaşdyrmak kyn


Işleýän we işlemeýän bankomatlaryň 'syry' açylýar.
Işleýän we işlemeýän bankomatlaryň 'syry' açylýar.

Adamlaryň biri "Biz kartymyzyň içinde näçe pul bardygyny bu ýere gelmäkägem bilýäris, telefonlarymyza sms gelýär" diýip, gözegçä nägileligini bildirdi we "Ýa, kartymyň içinde näçe pul barka diýip, banka gelýän adamam barmy?" diýip, geň galyp sorady.

Türkmen prezidentiniň önüm öndürijiler, şol sanda bugdaý ýetişdiren daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşmak barada berýän tabşyryklaryna garamazdan, sebitleriň raýatlarynyň öz zähmet haklaryny eline almakda, manat nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary, resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlara görä, bank işgärleriniň bikanun gazanjyna öwrülýär.

Öz etraplarynda pul nagtlaşdyryp bilmän, oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly wagty bolsa-da, maşgala zerur bolan aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmak üçin Mary şäherine gelýän oba ýaşaýjylary häzir has köp duşýar diýip, sebitdäki habarçy habar berýär.

Azatlygyň habarçysy banklara baryp, ol ýerden käýinip ýa sögünip çykan adamlaryň birnäçesi bilen anonimlik şertinde söhbetdeş boldy.

Haýsy banka barsaň, şäheriň bankomatly edara-kärhanalarynyň haýsysynyň binasyna girseň, ol ýerdäki bankomatlar daşyndan seredeniňde içi pully, işleýän ýaly görünýär, emma kartyňy salyp, pul çekjek bolsaň, puluň ýokdugy belli bolýar diýip, habarçy bilen gürleşen oba adamlary aýtdy.

Adamlar kösenip, bir ýerde bankomat bar bolsa aýlanyp çykandyklaryny, emma şu wagta çenli hatda banklardaky bankomatlarda hem pul tapmandyklaryny gürrüň berdiler.

Banklara baran we pul tapmadyk adamlar ol ýerde oturan gözegçileriň ýanyna baryp, 'pul ýokmy?' diýip soraýarlar we "pul ýok, ýöne isleseňiz, kartyňyzyň içinde näçe pul bardygyny görüp bilersiňiz" diýen jogaby alýarlar.

Azatlygyň habarçysy Halk bankynda pul nagtlaşdyrmaga gelen adamlar bilen bank gözegçisiniň arasynda bolan gürrüňlere şaýat boldy.

Adamlaryň biri "Biz kartymyzyň içinde näçe pul bardygyny bu ýere gelmäkägem bilýäris, telefonlarymyza sms gelýär" diýip, gözegçä nägileligini bildirdi we "Ýa, kartymyň içinde näçe pul barka diýip, banka gelýän adamam barmy?" diýip, geň galyp sorady.

"Beýleki banklara baramyzda-da aýtdyk, saňa-da aýdaly, näme üçin içinde pul ýok bolsa, bankomatlar toga sokulgy, hamala içinde pul bar ýaly işledip goýupsyňyz, öçük bolsa, gelen adam işlänok diýip yzyna giderdi, wagt ýitirmezdi" diýip, bu gürrüňe ýene bir adam goşuldy.

Başga arza edere resmi bolmansoň, bank gözegçisine nägileligini bildiren adamlar, eger içinde pul bolmasa, bankomatlary öçürip goýmagy, adamlara umyt berip, olary has beter kösemegi bes etmegi talap etdiler.

Emma gözegçi, içinde pul bolmasa-da, bankomatlary öçürmeýändiklerini, olaryň gijesine-de işläp durýandygyny aýtdy we, işlemeýän, ýöne pully bankomatlaryň hem syryny açdy.

"Her bankda bir öçük duran bankomat bardyr, ana, şonuň içinde pul bar, eger etmelisini edip, her 200 manada 20 manat berseňiz, bir sagadyň içinde pullaryňyzy nagtlaşdyryp bererler, emma Halk bankda öçük duran bankomat görmersiňiz, sebäbi hiç birinde pul hakykatdanam ýok" diýip, Halk bankyň gözegçisi aýtdy.

Mundan başga, "Senagat bankyna baryp, 'edilýänini edeýin' diýip aýtsaňyz, size kömek ederler, ýöne men aýtdy diýmäň" diýip, Halk bankynyň polisiýa geýimli bankomat gözegçisi adamlara 'gowy maslahat' hem berdi.

'Işigimde howuz gurjak bolýan, ussalar ýerini gazyp ýörler, men olara sement alyp bermeli, dükanlar kartdan pul kabul etmeýär, bir halta sement 120 manat, men 5 halta almaly, kartymda bolsa 613 manat bar, 13 manadym artýar, şony bereýin, kömek ediň" diýip, baran adamlaryň biri gözegçä ýüzlendi. Emma ol özüniň bu işi 'başarmaýandygyny' aýtdy diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy ýazýar.

Azatlygyň habarçylary türkmen raýatlarynyň manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada 2016-njy ýyldan bäri yzygiderli habar berýärler, şu aralykda daşary ýurt walýutalarynyň manadyň garşysyndaky hümmeti hem ençeme esse ýokarlandy we şunuň bilen baglylykda harytlar, durmuş hem kän gymmatlady.

Emma häkimiýetler ýurtdaky nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermezlik bilen bir hatarda, ähli ugur boýunça uly özüş sanlaryny çap etmek bilen, ilatyň aýlyk zähmet haklarynyň hemişe öz wagtynda tölenýändigini tekrarlamagy dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG