Türkmenistanyň "Migrasiýa barada" kanunyna, watanyna gaýdyp bilmeýän raýatlaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli üýtgetme girizildi. Kararyň teksti 8-nji iýunda "Bitarap Türkmenistan" gazetinde çap edildi.
Täze üýtgeşmeler ýurduň daşynda galýan we watanyna gaýdyp bilmeýän Türkmenistanyň raýatlary üçin täze pasportlaryň berilmegine we pasportlaryň möhletiniň uzaldylmagyna degişli.
2012-nji ýylyň Migrasiýa baradaky kanuna girişilen goşmaçalar 29-njy maddanyň 6-njy bölümine, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmek we girmek üçin pasportlary bermegiň tertibi bilen baglanyşykly.
“Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda wagtlaýynça ýa-da hemişelik ýaşaýan halatynda, olar özlerine garaşly bolmadyk sebäplere görä, Türkmenistana gaýdyp bilmeýän ýagdaýynda güýji ýa-da möhleti gutaran ýa-da gutaryp barýan pasportlary Türkmenistanyň prezidentiniň karary esasynda uzaldylyp bilner" diýlip, kanuna goşulan üýtgetmede aýdylýar.
Şol bir wagtyň özünde, pasport bermegiň takyk düzgünleri we ýüz tutmagyň, arzalara garamagyň tertibi çap edilmedi.
Ýurduň häkimiýetleri bu üýtgeşmeleriň dokumentsiz daşary ýurtlarda bikanun galýan türkmen migrantlarynyň ýagdaýyna nähili täsir etjekdigini düşündirmeýärler. Kanuna üýtgeşiklik girizmek hakyndaky resmi habarda diňe pasportyň möhletini uzaltmak üçin prezidentiň kararynyň talap ediljekdigi mälim edildi.
Möhleti geçen pasportlar soňky birnäçe ýylda ýüzlerçe müň türkmen raýaty üçin agyr meselä öwrüldi. Şu wagta çenli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýurduň raýatlaryna pasport bermek we täzelemek işini ýerine ýetirmeýär. Netijede, daşary ýurtly köp sanly türkmen raýaty birnäçe ýyllap dokumentsiz ýaşaýar. Diňe bir Türkiýäniň özünde azyndan on müňlerçe türkmen migranty ýaşaýar.
COVID-19 pandemiýasy türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrdy.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň "Migrasiýa baradaky" şol bir kanunda daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalar arkaly pasportlaryň berilmegi öňden göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň daşynda hemişelik ýaşaýan raýatlar pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyklary arkaly Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar.
Bu raýatlaryň pasportlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasyna tabşyrylýar we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyklary arkaly raýatlara berilýär diýlip, kanunda aýdylýar.
Emma kanunda kepil geçilýän düzgüniň tersine iş ýüzünde ýurduň daşyndaky raýatlaryna ýaşaýan ýurdunda türkmen pasportyny almak mümkin däl. Konsullyga ýüz tutulanda türkmen raýatlaryna Türkmenistandaky Migrasiýa gullugyna ýüz tutmak maslahat berilýär. Daşary işler ministrliginiň wekilleri kanunlarda göz öňünde tutulan pasportlary bermek düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmezliginiň sebäplerini resmi taýdan düşündirmeýärler.
Türkmenistanyň migrasiýa degişli kanunçylygyna üýtgetmeleriň girizilmegi hakynda resmi habaryň berilmeginiň öňüsyrasynda, 5-nji iýunda garaşsyz neşir turkmen.news Daşary işler ministrligindäki çeşmesine salgylanyp, Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň ýakyn wagtda pasportlaryň möhletini iki ýyllyk uzaldyp başlajakdygyny habar berdi.
Bu habaryň yzýany DWT oppozisiýa hereketiniň lideri Myrat Gurbanow Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň wekiline salgylanyp, häzirki wagtda türkmen häkimiýetleriniň pasportlary uzaltmak meselesine seredýändigini we bu mesele boýunça karara iýunyň aýagynda garaşylýandygyny Azatlyga gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we ýurduň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndan resmi maglumat alyp bilmedi.
Möhleti geçen pasportlar bilen baglanyşykly mesele ABŞ-da, Türkiýede, Kiprde we beýleki ýurtlarda türkmen migrantlarynyň geçen ýyl nägilelik bildirip köpçülikleýin protest geçirmegine esasy sebäpleriň biri boldy.
Türkmenistan daşarky we içerki migrasiýa degişli ýagdaýy görkezýän statistik maglumatlary çap etmeýär.
Işsizlik, türkmen raýatlarynyň köpüsini iş gözlemek üçin ýurtdan çykmaga mejbur edýär.
Ýurtdan giden raýatlaryň sany barada takyk maglumat ýok. Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmelerine görä, diňe 2009-2019-njy ýyllar aralygynda ýurtdan 2 milliona golaý adam çykypdyr.
Daşary ýurtlaryň migrasiýa gulluklarynyň maglumatlaryna görä, her ýyl on müňlerçe türkmen raýaty dürli ýurtlarda ýaşamak, işlemek we okamak üçin resmi taýdan hukuk alýar. Daşary ýurtlarda bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň hasam köp bolmagy çak edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.