Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin ‘bary-ýogy’ ýedi dalaşgäre ygtyýar berildi


Saýlawlarda aşa barlyşyksyz ruhany Ebrahim Raisiniň iň güýçli kandidatlaryň biri boljakdygyna garaşylýar.
Saýlawlarda aşa barlyşyksyz ruhany Ebrahim Raisiniň iň güýçli kandidatlaryň biri boljakdygyna garaşylýar.

Eýranyň barlyşyksyz konstitusion gözegçilik edarasy öňümizdäki aý geçmeli prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek üçin ýedi kandidata ygtyýarlyk berdi. Bu aralykda, käbir ýokary derejeli dalaşgärleriň saýlawlardan çetleşdirilendigi barada maglumatlar gowuşýar.

25-nji maýda Eýranyň döwlet telewideniýesi Goragçylar Geňeşiniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp, ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Hameneýiniň gözegçiligindäki Geňeşiň ozal hasaba alnan 590 dalaşgäriň arasyndan “bary-ýogy” ýedi kandidata ygtyýar berendigini habar berdi.

18-nji iýunda geçmeli saýlawlarda häkimiýetden gidip barýan prezident Hassan Rohaniniň ornuny tutjak nobatdaky prezident üçin ses berler.

Mundan öň, ruhanylardan we kazylardan düzülen Goragçylar Geňeşi aram mümkin-kandidatlaryň ençemesini çetleşdiripdi.

Öňümizdäki saýlawlarda Eýranyň adalat ulgamyna gözegçilik edýän aşa barlyşyksyz ruhany Ebrahim Raisiniň iň güýçli kandidatlaryň biri boljakdygyna garaşylýar.

2017-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda Rohani bilen bäsleşen Raisiniň Hameneýi bilen ýakyn baglary bar.

Ýarym-resmi Fars habar gullugy Goragçylar Geňeşiniň belli konserwatiw wekili we Rohani bilen ýaranlyga giren parlamentiň ozalky başlygy Ali Larijaniniň çetleşdirendigini habar berdi.

Fars “ýagdaýlardan habarly” atlandyrylmadyk bir çeşmesine salgylanyp, häzirki wise prezident Eşak Jahangiriň we ozalky barlyşyksyz prezident Mahmud Ahmadinejadyň hem kandidaturalarynyň ret edilendigini aýtdy.

Degişlilikde aram hasaplanýan Rohani dört ýyllyk iki möhlete prezident saýlanandygy sebäpli, täzeden saýlawlara gatnaşyp bilmeýär.

XS
SM
MD
LG