Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Gazany dikeltmäge kömekleşmegi wada berdi, Ysraýyla goldawyny tassyklady


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ysraýyllylar bilen Hamazyň arasynda baglaşylan ýaraşygyň bozulmazlygy üçin "dileg edýändigini" we bu ganly konflikti çözmegiň ýeke-täk jogabynyň iki döwletlilik çözgüdinde jemlenýändigini aýtdy.

"Ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň saklanmagyny dileg edýärin. Men Bibi Netanýahuyň sözüne bil baglaýaryn, haçanda ol söz berende, men onuň sözüne ynanýaryn. Ol hiç haçan maňa beren sözünden dänmedi" diýip, Baýden 21-nji maýda, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu nazarda tutup aýtdy.

Baýden Ak tamdaky metbugat ýygnagynda ejir çeken Gaza zolagyny gaýtadan dikeltmek üçin beýleki ýurtlar bilen bilelikde uly maliýe kömegini ýygnamagy wada berdi.

Berlen serişdäniň hiç bir böleginiň Hamazyň harby arsenalyny dikeltmegine harçlanmazlygy üçin, Baýden dikeldiş tagalllarynyň Palestina hökümeti bilen utgaşdyryljakdygyny hem sözüne goşdy.

Mahmud Abbasyň ýolbaşçylygyndaky Palestina hökümeti Günbatar tarapyndan goldanylýar we Gazany dolandyrýan Hamazyň bäsdeşi bolup durýar.

Ynsanperwer hünärmenler soňky söweşlerden ozal hem garyp sebit bolan Gazany dikeltmek üçin ýyllaryň we onlarça million dollaryň gerek boljakdygyny aýdýarlar.

Iki döwletlilik çözgüdine çagyrmak bilen, Baýden Waşingtonyň Ysraýyla köpden bäri goldaw berýändigini ýene-de bir gezek gaýtalady we sebitdäki beýleki taraplaryň hem onuň ýaşamak hukugyny ykrar etmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG