Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron azeri goşunlarynyň Ermenistanyň serhet ýakalaryndan çykarylmagyna çagyrýar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Azerbaýjanyň Ermenistanyň serhetýaka sebitlerindäki goşunlaryny haýal etmän yzyna çykarmagyny talap etdi. Ol bu ýerleriň Azerbaýjan tarapyndan basylyp alnandygyny aýtdy.

Makron Facebookda Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň “Ermenistanyň çägine girendigini we olaryň derrew yzyna çykarylmalydygyny" aýtdy.

Makron bu sözleri Ermenistan-Azerbaýjan serhedindäki gapma-garşylyk barada Ermenistanyň wagtlaýyn premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefonda gürleşenden soň aýtdy.

Makronyň edarasy beýanat çap edip, Makron “Fransiýanyň Ermenistanyň territorial bitewiligine ygrarlydygyny ýatladyp, azerbaýjan goşunlarynyň ermeni territoriýasyndan gyssagly çykarylmagynyň zerurdygyny nygtady” diýdi.

Telefon gürrüňi baradaky ermeni habaryna görä, Paşinýan we Makron Ermenistan-Azerbaýjan serhediniň käbir bölümlerinde Azerbaýjanyň goşun hereketleri netijesinde ýüze çykan gapma-garşylygy bes etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.

Aýdylmagyna görä, azeri güýçleri birnäçe kilometr ilerläp, 12-nji maýda Ermenistanyň Syunik welaýatynyň içine girdi. Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, 13-nji maýda olar serhediň ýene iki böleginde düzgün bozdy.

Azerbaýjan öz goşunlarynyň Ermenistanyň içine girmändigini we diňe Azerbaýjanyň gyş aýlarynda girip bolmaýan tarapynda ýerleşendigini aýdyp, öz diýenine tutdy. Şeýle-de, Bakuwdaky Daşary işler ministrligi bu sebitdäki serhetleriň Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitlenmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG