Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar Tükmenistanyň dissidentleriň garyndaşlaryna basyşyny ýazgarýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny goraýjy abraýly dört topar, Türkmenistanyň awtoritar ýolbaşçylygyny daşary ýurtlarda ýaşaýan dissidentleriň garyndaşlaryna "haýbat atýandygy" üçin tankytlady.

Ynsan hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" (HRW), "Ynsan Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy" (TIHR), "Adam Hukuklary boýunça Halkara Hyzmatdaşlyk" (IPHR) we "Amnesty International" guramasy 13-nji maýda bilelikde eden beýanynda maý aýynyň başynda türkmen howpsuzlyk işgärleriniň 14 ýaşly oglany sorag edendigini we haýbat atandygyny habar berýär. Maglumatda 14 ýaşly ýetginjege edilen basyşyň häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Rozybaý Jumamyradowyň aç-açan pikirleri üçin ar alyşdygy aýdylýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen häkimiýetlerini daşary ýurtlarda ýaşaýan dissidentleriň garyndaşlaryna edilýän ýanamalaryny derrew bes etmegi we söz azatlygyny hem raýatlaryň esasy hukuklaryna hormat goýmagy talap etdi.

Hökümetiň tankytçylary we adam hukuklaryny goraýjy toparlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy 2006-njy ýylda awtokrat Saparmurat Niýazow ölenden soň häkimiýet başyna geçeli bäri başgaça pikirdäkilere basyş etmekde we ýurda az üýtgeşiklik getirmekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG