Geçen ýyl harby konfliktler, COVID-19 pandemiýasynyň döreden ykdysady çökgünliligi, howanyň aşa sowuk bolmagy zerarly azyndan 155 million adama ýaramaz täsir ýetdi, şu ýylyň hem şol derejede ýa-da hasam agyr bolmagyna garaşylýar diýlip, 16 guramanyň hasabatynda aýdylýar.
Krizis derejesinde galýan adamlaryň üçden iki bölegi 10 ýurtda, ýagny Owganystanda, Ýemende, Siriýada, Sudanda, Kongoda, demirgazyk Nigeriýada, Efiopiýada, Günorta Sudanda, Zimbabwede we Gaitide ýaşaýar.
155 million adamyň “krizis”, “adatdan daşary ýagdaý” ýa-da “betbagtçylyk” zerarly azyk ýetmezçiligine duçar bolandygy we bu sanyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20 million adam artandygy bellenýär.
“Azyk howpsuzlygynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan we gyssagly iýmit kömegine, azyga we ýaşamak üçin serişdelere mätäç adamlaryň sany artýar" diýip, BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş azyk krizisleri baradaky 307 sahypalyk global hasabatyň başynda ýazan hatynda aýdýar.
"21-nji asyrda açlyga we açlykdan ölüme orun ýokdur" diýip, Guterriş aýtdy we "islendik meseläni çözmek üçin açlygy we dawa-jenjeli bilelikde çözmeli " diýdi.
Ynsanperwer kömeginiň 97% mätäç 55 ýurdy öz içine alýan hasabatda geçen ýyl Günorta Sudanda, Ýemende we Burkina Fasoda 133 000 adamyň açlykdan ölmeginiň öňüni almak üçin gyssagly iýmit gerek bolandygy aýdylýar.