Özbegistanyň Jyzak welaýatynyň Bahmal etrabynyň 52 ýaşly ýaşaýjysy W.K. Özbegistanyň prezidentini kemsitmekde güman edilýär.
Jyzak welaýatynyň prokuraturasynyň beýanatynda aýdylyşyna görä, ady gysgaldylan görnüşde W.K. diýlip bellenýän adam You Tube hem-de Facebook sahypasyny döredip, wideo ýazgyda, göni efire çykypdyr.
«Öz çykyşynda ol prezidentiň ýolbaşçylygynda geçirilýän özgertmeleri köpçülige nädogry düşündirdi, prezidenti kemsitdi hem-de döwlet baştutanynyň abraýyny peseldip, şeýlelik bilen oňa töhmet atýan maglumatlary ýaýratdy» diýlip, welaýat prokuraturasynyň beýanatynda aýdylýar.
Jyzak welaýatyndaky Döwlet howpsuzlyk gullugy Bahmal etrabynyň ýaşaýjysyna garşy Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasynyň 3-nji bölümi bilen ("Özbegistanyň prezidentine garşy töhmet") jenaýat işini açdy.
Kazyýetde bahmally ýaşaýjynyň günäsi subut edilse, oňa 3 ýyla çenli zähmet-düzediş koloniýasyna ýa-da 2 ýyldan 5 ýyla çenli azatlyk çäklendirmesi berlip bilner ýa-da 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.
Şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Jenaýat kodeksine düzediş girizilip, onda telekommunikasiýa ulgamlaryny ýa-da interneti ulanyp, ýurduň prezidentine töhmet atany ýa-da ony kemsideni jogapkärçilige çekmek çäresi kesgitlenildi. Bu baradaky kanuna prezident Şawkat Mirziýaýew 30-njy martda gol çekdi. Bu resminama Ýokary Mejlisiniň Kanunçylyk palatasy tarapyndan 4-nji martda kabul edildi we 12-nji martda Senat tarapyndan tassyklandy.
Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasynyň 3-nji bölümi ("Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine kast etmeler") täzelenen görnüşde şeýle kesgitlenýär: «Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini köpçülikleýin häsiýetde masgaralamak ýa-da töhmet atmak, şeýle hem metbugaty ýa-da beýleki habar beriş serişdelerini, telekommunikasiýa ulgamlaryny ýa-da dünýädäki maglumat toruny ulanmak» hereketini edene, 3 ýyla çenli zähmet-düzediş koloniýasyna ýa-da 2 ýyldan 5 ýyla çenli azatlyk çäklendirmesi berlip bilner ýa-da 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.