Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary aýlawyna Aşgabatdan barlagçy geldi. Milli lybasly 'janköýerler' çykmadyk atlara el çarpdy


Türkmen atlarynyň 2016-njy ýylyň tomsunda Çehiýada guralan ýarmarkasynda görkezilen bedewleriň biri. Arhiw suraty
Türkmen atlarynyň 2016-njy ýylyň tomsunda Çehiýada guralan ýarmarkasynda görkezilen bedewleriň biri. Arhiw suraty

Erkekler donly, telpekli, aýallar keteni köýnekli, agyr gyňaçly, topbuly, gyzlar keteni könekli we tahýaly, gadymy döwürlerdäki ýaly geýinmeli diýip, öňünden aýdyldy. Gelenleriň egin-başlary berk gözden geçirildi, eger bir kemçilik görseler, adamlaryň ýüzüni alyp, derrew düzetmegi buýurdylar.

21-nji aprelde Mary sebitine Aşgabatdan barlag geldi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Ýöne resmiler soňky wagtlarda görlen abatlaýyş, arassaçylyk çärelerinden çen tutup, ýa prezident, ýa-da onuň ogly sapara geler diýip garaşýardylar.

Azatlygyň habarçysy aýyň ortasynda Marydaky gözegçiligiň birden güýçlendirilendigini, şol bir wagtda-da güýçli arassaçylyk işleriniň başlanandygyny habar berdi.

Mary şäherinden başlap, tä Baýramaly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän "Bedew" aýlawyna çenli, býujet işgärlerini günde diýen ýaly ýowara çykarmak bilen, abadançylyk, arassaçylyk işleri geçirildi; wagyz tagtalarynda prezidentiň, Aşgabatda salnan täze jaýlaryň suratlary asyldy; emma garaşylýan ýolbaşçylara derek, ministrlik derejesindäki barlagçylar geldi diýip, habarçy aýtdy.

Barlagçylar düýn agşamlyk şäheriň baş metjidinde, sebitiň ýokary derejeli emeldarlary bilen, prezidentiň kakasynyň hatyrasyna berlen agzaçar sadakasyna gatnaşdylar, sadaka ýönekeý adamlar çagyrylmady diýip, habarçy barlagçylaryň şu gün, 22-nji aprelde sebitiň "Bedew" at aýlawyna barandyklaryny aýtdy.

Prezident ýa-da onuň ogly gelmedigem bolsa, at aýlawyndaky çäreler býujet işgärleriniň, okuwçy ýaşlaryň, çagalaryň ir ertirden aýlawa toplanmagy bilen başlandy.

Adamlardan milli egin-eşikleri geýmek talap edildi: erkekler donly, telpekli bolsa, aýallar keteni köýnekli, agyr gyňaçly, topbuly, gyzlar keteni könekli we tahýaly bolmaly, gadymy döwürlerdäki ýaly geýinmeli diýip, öňünden aýdyldy.

Diýlen ýere daň bilen gelen adamlaryň egin-başlary ýörite bellenen resmiler tarapyndan berk gözden geçirildi, eger bir kemçilik görseler, adamlaryň ýüzüni alyp, derrew düzetmegi buýurdylar diýip, çärä gatnaşanlar gürrüň berdi.

Çärä milli eşik geýdirilen çagalar, etraplardan çagyrylan tansçylar, folklor toparlary hem gatnaşdy, olaryň hemmesinden barlag gelen wagtynda şadyýan görünmek, güler ýüzli bolmak talap edildi we birnäçe gezek repetisiýa, türgenleşik geçirilip, wideoýazgy edildi.

Azatlyk bilen gürleşen býužet işgärleriniň biri bu wideoýazgylaryň soň kesilip-biçilip, efirde görkeziljekdigini, munuň indi hiç kime gizlin däldigini aýtdy.

"Hemme zat ýasama, barlaga garaşyp duran adamlar gaharyna çydaman, ýuwaşlyk bilen sögündiler" diýip, ol adamlaryň bu zatlardan bizar bolandygyny hem sözüne goşdy.

Býužet işgärleriniň bir bölegini at çapyşygyna gelen tomaşaçylaryň ýerlerinde oturtdylar. Ýazgy edilýän wagtynda olara, hamala, at çapyşyk bolup duran ýaly, ýerlerinden höwes bilen turmak we 'gürrüldili el çarpmak' buýruldy.

Ýöne Aşgabatdan gelen barlagçylar aýlawda ir sagatlardan bäri garaşyp oturan adamlara "barmysyň" hem diýmediler we birsellemden yzlaryna, Mary şäherine gaýtdylar diýip, habarçy bu ýere daňdan öz hasaplaryna gelen býužet işgärleriniň yzlaryna hem öz hasaplaryna gaýtmaly bolandygyny belledi.

"Irden, daňdan 5-de gelemizde taksilere adam başyna 50 manat töledik, ýöne gaýdyşyn, gündiz bolansoň, 30 manada alyp gaýtdylar" diýip, radio bilen söhbetdeş bolan býužet işgäri aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu çäreler diňe 'artykmaç dert, biderek çykdajy', emma gelmeseň, 'arzaňy ýaz' diýip, haýbat atýarlar.

Aýlawdaky çärä gatnaşan adamlaryň üç arkasyny hem barladylar. Munuň sebäbi 'howpsuzlyk aladalary', ýagny prezidentiň ogluna garaşylmagy bilen düşündirildi diýip, ýerli resmi aýtdy. Onuň çakyna görä, prezidentiň kakasynyň ýogalmagy sebäpli planlar üýtgdilene meňzeýär.

Resmi maglumata görä, bu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýatynda hem baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler.

Mary atçylyk sport toplumynyň durky döwrebaplaşdyrylyp, döwlet derejesinde baýramçylyk çärelerini geçirmäge taýýar edildi diýip, TDH 16-njy aprelde habar berdi.

Şu aralykda Serdar Berdimuhamedowyň suratlarynyň resmi metbugatda kakasynyň suratlarynyň ornuny alyp başlandygy mälim boldy.

Aşgabatdan gelen barlagçylaryň yzalaryna 23-nji aprelde dolanjakdygy habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG