Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli puluň soňky hümmetsizliginiň fonunda türkmen manadynyň geçen ýoly


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Soňky aýlarda Türkmenistanda milli puluň, manadyň hümmeti ep-esli pese gaçdy. Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen manadynyň geçen ýoluna we walýutanyň geçmişine gysgaça nazar aýlamaga synanyşýar.

Türkmenistanda milli puluň goşa hümmeti bar. Gara bazarda bir dollar apreliň başlarynda ozal görlüp-eşidilmedik derejede hümmetsizlendi – bir dollaryň resmi däl alyş-çalyş bahasy milli pulda 40 manada barabardyr.

Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Manadyň soňky aýlarda berkligini we hümmetini yzygiderli ýitirmegi hem-de onuň daşary ýurt walýutasynyň garşysynda barha durnuksyzlaşmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine oňaýsyz täsir edýär. Munuň şeýledigine ýurtda hususy söwda nokatlarynda azyk harytlarynyň we beýleki önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagy şaýatlyk edýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen manadynyň geçen ýoluna we walýutanyň geçmişine gysgaça nazar aýlamaga synanyşýar.

Milli puluň soňky hümmetsizlenmeginiň fonunda türkmen manadynyň geçen ýoly
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG