Resmi metbugatyň anna güni beren habaryna görä, Nursultan Nazarbaýewiň prezidentlik eden döwründe Gazagystanyň korrupsiýa garşy göreş gullugyna ýolbaşçylyk eden Alik Şpekbaýew wezipesinden boşadyldy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bu baradaky karary 16-njy aprelde prezident administrasiýasynyň web sahypasynda çap edildi.
Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň başlygy wezipesine ozal Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary bolup işlän Marat Ahmetžanow bellendi.
Şu ýyl 64 ýaşy dolýan Şpekbaýewiň başga wezipä bellenip-bellenmändigi barada maglumat berilmeýär.
Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Berik Ualiniň Facebookda ýazmagyna görä, korrupsiýa garşy gullugyň başlygy wezipesinde üstünlikli işlänligi üçin Tokaýew Şpekbaýewe minnetdarlyk bildiripdir.