Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada, Merkezi Aziýada hökümetler pandemiýa bahanasy bilen adam hukuklaryny çäklendirdiler


Polisiýa Bulgarystanyň paýtagty Sofiada toplanan adamlar bilen gürleşýär. Aprel, 2020 ý.
Polisiýa Bulgarystanyň paýtagty Sofiada toplanan adamlar bilen gürleşýär. Aprel, 2020 ý.

Amnesty International topary Ýewropada we Merkezi Aziýada koronawirus pandemiýasyna garşy görülýän käbir çäreleriň bu sebitdäki bar bolan hukuk bozmalary we deňsizlikleri has hem ýitileşdirendigini aýdýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar käbir hökümetleriň krizisi “häkimiýeti ele geçirmek üçin perde hökmünde ulanandygyny, azatlyklary basyp ýatyrandygyny, şeýle-de adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekmäge bahana hökmünde ulanandygyny” belleýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International topary 7-nji aprelde ýaýradan ýyllyk hasabatynda hökümetleriň COVID-19-a garşy çäreleriniň “sosial taýdan üzňeligiň adam öwezini, deňsizligi we hökümetiň çenden aşa goşulmagyny äşgär edendigini” belleýär.

Hasabata görä, regiondaky ähli döwletleriň ýarysyndan gowragy COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaýy girizip, hökümetler hereket, özüňi beýan etmek we parahatçylykly toplanmak ýaly azatlyklary çäklendiripdirler.

Hasabatda Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Russiýada, Gazagystanda dagy hökümetleriň “bar bolan we täze kanunçylygyň üsti bilen söz azatlygyny has hem çäklendirendigi” bellenilýär.

Türkmenistanda we Täjigistanda saglyk işgärlerine “onsuz hem çäklendirilen söz azatlygynyň arasynda dil ýarmazlyk tabşyryldy".

Mundan başga-da, hasabatda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Gürjüstanda dagy kanun goraýjylaryň bikanun ýagdaýda güýç ulanandygyna üns çekilýär.

Azerbaýjanda bolsa, pandemiýanyň öňüni almak “bahanasy bilen” syýasy äheňli tussag etmeleriň ýaýbaňlanandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG