Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habaryndan soň tupanda heläk bolanyň maşgalasyna ýardam edildi


Harasatdan bir hepde töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, Türkmenabatda güýçli şemalyň weýrançylykly netijeleri doly aradan aýrylmady. (arhiw suraty)
Harasatdan bir hepde töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, Türkmenabatda güýçli şemalyň weýrançylykly netijeleri doly aradan aýrylmady. (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň geçen anna güni Lebapda turan weýrançylykly tupanda Türkmenabadyň bir ýaşaýjysynyň heläk bolandygy baradaky habaryndan soňra, merhumyň işlän mekdebi onuň yzynda galan maşgalasyna hemaýat etdi. Bu aralykda, harasatdan bir hepde töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, sebitde, şol sanda welaýatyň administratiw merkezinde güýçli şemalyň weýrançylykly netijeleri doly aradan aýrylmady.

Azatlygyň ýerli habarçysy 19-njy martda Türkmenabada gelen güýçli şemalyň netijesinde 35 ýaşly Joraýew Rozgeldiniň “Nyýazow” şaýolunyň ugrundan iş ýerine barýan pursady, üstüne golaýdaky jaýlaryň biriniň üçeginiň gaçyp, onuň şol ýerde heläk bolandygyny habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleriniň bu ýagdaý, umuman, tebigy harasat we onuň weýrançylykly netijeleri barada dymyşlygy saklaýan pursady, Azatlygyň ýerli resmileriň Joraýewiň yzynda galan gelnine we ýaňy dünýä inen çagasyna hemaýat bermeýändigi baradaky maglumatyndan soň, merhumyň sakçy bolup işlän 1-nji sport mekdebiniň raýdaşlyk görkezendigi belli boldy.

“Rozgeldiniň sakçy bolup işlän sport mekdebi onuň maşgalasyna 6 müň manat möçberinde pul kömegini etdi. Mundan başga-da, onuň işsizlikden kösenýän aýalyny mekdebe tam süpüriji edip işe aldylar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýaşaýjylaryň biri 25-nji martda Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, bu hemaýatyň ýerli resmileriň görkezmesi ýa-da mekdebiň öz başlangyjy esasynda amal edilendigini häzirlikçe anyklamak başartmady.

Bu aralykda, tebigy hadysadan bäri bir hepde töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, ýerli häkimiýetler onuň ýetiren zyýanyny doly aradan aýyrmagy başarmaýarlar.

Ýatlatsak, 19-njy martda Lebapda turan güýçli şemal welaýatyň ençeme etrapdyr-şäherinde, administratiw merkezinde onlarça jaýa uly zyýan ýetirdi, Çärjewde mekdebiň diwarlaryny ýykdy, elektrik sütünleri agdardy.

“Türkmenabatda elektrik togy häli-şindi hem öçüp dur, internetiň tizligi haýal, wifi asla-da işlemeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatlylaryň biri 25-nji martda şäherdäki ýagdaýlary suratlandyrdy.

Türkmen häkimiýetleri adam pidaly harasat barada dymyşlygy saklamak bilen bir hatarda, ondan ejir çeken ilata hemaýat hem etmeýär. Tebigy hadysanyň yzy bilen gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň tas iki esse gymmatlamagynyň arasynda, onsuz hem ykdysady krizis sebäpli maliýe ýetmezçiliginden kösenýändigini aýdýan adamlar, zyýan ýeten jaýlaryny, melleklerini dikeltmek meselesinde ýeke galandyklaryny aýdýarlar.

Tupandan üç gün soňra prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow Lebaba bir günlük sapar bilen gelse-de, görnüşinden onuň diňe ýakynda açylmagy göz öňünde tutulýan iri gurluşyk obýektleriniň ýagdaýlary bilen tanyşyp, adaty ilatyň hal-ahwaly bilen gyzyklanmandygyna çalym edýär.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylar häkimiýetleriň hereketsizligine, resmileriň tebigy harasatlar barada öňünden duýduryş bermeýändigine barha nägile bolýandyklaryny belleýärler.

“Geçen ýylam, häzirem güýçli tupan barada ilata hiç hili duýduryş berilmedi. Bu adamlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolýar. Indi sähel şemal öwüsse-de, her kim howatyr edip başlaýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň bir iöz aladalaryny beýan etdi.

Lebabyň welaýat we etrap häkimlikleri ýokarky ýagdaýlar bilen baglylykda Azatlyk Radiosynyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri şu wagta çenli geçen ýyldaky aprel tupanynyň pidalary we weýrançylygy barada hem hiç zat habar bermediler we ejir çekenlere hiç hili kömek etmediler.

Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleriniň şol wagtky hereketsizligi daşary ýurtlardaky türkmenleriň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesinden çekilmegini talap edip, hökümete garşy protest çärelerine başlamagyna sebäp bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG