Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk sudy türkmenistanly zenany öldürene ýene 29,2 ýyl türme tussaglygyny berdi


Stambul
Stambul

Türkiýede sud mundan alty ýyl ozal türkmenistanyň raýaty 44 ýaşly Jemile Kerimowany öldürmekde we ogurlykda günäli tapylyp, 29 ýyl 2 aý türme tussaglygyna höküm edilen 47 ýaşly Baýram Sipahini, Ýokary kazyýetiň suduň ilki hökümini ýatyrmagyna garamazdan, öňki kararynda galyp ony bilkastlaýyndan adam öldürmek we ogurlyk aýyplamalary esasynda 29 ýyl 2 aý türmä höküm etdi. Bu barada türk habar serişdeleri 15-nji martda maglumat berýär.

Stambulyň kazyýetinde geçen sud diňlenişiginde Baýram Sipahi özüniň saglyk ýagdaýyna salgylanyp, operasiýanyň geçirilmeginiň zerurdygyny, muny türme şerterinde amal edip bolmajakdygyny aýdyp, özüniň azat edilmegini sorady.

Emma sud Sipaha adam öldürmek aýyplamasy boýunça 25 ýyl, ogurlyk aýyplamasy boýunça hem 4 ýyl 2 aý, umumy hasapda 29 ýyl 2 aý türme tussaglyk hökümini çykardy.

Derňewiň netijesine laýyklykda, 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde Sipahi 44 ýaşly türkmenistanly Jemile Kerimowa bilen puluň öwezine birlikde bolmak barada ylalaşyp, bir öýe giripdirler. Şol wagt 47 ýaşly Sipahi Kerimowany arkasyndan pyçaklap öldüripdir, şeýle-de onuň el torbasyny we pullaryny alyp gaçypdyr.

XS
SM
MD
LG