Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ABŞ-da öndürilen COVID-19 garşy sanjymlara bolan ynamy pese gaçyrmagy maksat edinýän rus dezinformasiýa kampaniýasy hökmünde häsiýetlendiren ýagdaýy aç-açan tankytlady. Waşington bu kampaniýa "ähli mümkinçilikler bilen" garşy göreşjekdigini aýtdy.
"Orsýetiň köne hilelerinden peýdalanýandygy we bilşimiz ýaly her gün adamlary halas edýän waksinalarymyz barada nädogry maglumatlary ýaýratmak arkaly adamlary howp astyna salýandygy äşgär" diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 8-nji martda žurnalistlere aýtdy.
Bir gün öň “Wall Street Journal” (WSJ) gazeti Döwlet departamentiniň bölümi bolan Global Aragatnaşyk Merkeziniň gelen netijelerine görä, sazlaşykly kampaniýa gatnaşýan dört onlaýn platformanyň arkasynda rus aňtaw gullugynyň durandygyny habar berdi.
WSJ bu saýtlaryň Orsýetiň "Sputnik V" waksinasynyň öndürilmegine itergi bermek maksady bilen ABŞ-nyň "Pfizer" waksinasy bilen baglanyşykly şübheleri artdyrýan materiallary neşir edýändigini habar berdi.
WSJ-iň habaryna görä, saýtlar waksina negatiw garaýyşlary beýan edýän halkara habarlaryna ünsi jemleýär.
Ned Praýs bu saýtlaryň "häzirki wagtda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi tarapyndan tassyklanan iki waksina barada nädogry maglumatlary öz içine alýandygyny" aýtdy.
Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki brifingde Waşingtonyň "ABŞ-nyň ygtyýaryndaky ähli serişdeler bilen [dezinformasiýa] garşy göreşer" diýdi.