Hukuk goraýjy Witaliý Ponomarýew türkmen aktiwisti Rozgeldi Çöliýew meselesinde 39-njy düzgüniň ulanyljakdygy baradaky şatlykly habaryň tassyk bolmandygyny habar berýär.
“Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň müdiri Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetiniň özüne iberilen hatynyň tekstine salgylanyp, kazyýete içerki gorag serişdeleriniň gutarandygyny tassyklaýan resminamalaryň berilmändigini aýdýar we şu sebäpden bu şikaýata entek kazy tarapyndan garalmandygyny belleýär.
Mundan öň “Memorialyň” türkmen aktiwisti, Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüzp bolan Rozgeldi Çöliýewiň işi boýunça Ýewroanyň adam hukuklary kazyýetine ýüz tutandygy, öňki studentiň garyndaşlarynyň ýörite gulluklaryň basyşyna sezewar bolýandygy habar berlipdi.
Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň “Migrasiýa we hukuk” bölüminiň aklawçysy Roza Magomedowa 5-nji martda türkmen häkimiýetlerini tankytlandygy üçin ýanalýan we Orsýetden mejbury çykarylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolan R.Çöliýew meselesinde Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetiniň 39-njy düzgünini ulanmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
2-nji mart agşamy Stambuldan Russiýa uçan uçarda Şeremetýewo howa menziline gelen Çöliýew aeroportuň halkara zolagynda saklandy.
Koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmelere salgylanyp, möhleti geçmedik wizasynyň bardygyna garamazdan, serhetçiler onuň Orsýete girmegine rugsat bermediler.
Şol bir wagtda, hukuk goraýjy topar Çöliýewiň Orsýetden gaçybatalga almak baradaky talabynyň degişli guramalara geçirilmeýändigini aýdýar.
R.ÇöliýewAzatlyk bilen söhbetdeşlikde rus häkimiýetleriniň özüne näme üçin syýasata goşulandygy barada sorag berendigini we deportasiýa etmek üçin basyş görkezendigini gürrüň berdi.
Adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziniň pikirine görä, Çöliýewiň gaçybatalga soramak prosedurasy boýunça ýüz tutmaga goýberilmezligi Orsýetiň öz üstüne alan halkara borçlaryny gödek bozmagy bolup durýar.