Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy onuň türkmen şähergurluşyk kanunçylygyna gabat gelmeýändigi sebäpli togtadyldy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Baş barlagçy edarasynyň (Office of the Inspector General – OIG) bir ýyl mundan ozal, 2020-nji ýylyň fewralynda ýaýradan degişli hasabatynda aýdylýar. Türkmen paýtagtyndaky ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň togtadylmagy barada ilkinji bolup, Turkmen.news neşiri 8-nji fewralda habar berdi.
Barlagçy hasabatyna görä, 1994-nji ýylda ABŞ hökümeti ilçihananyň täze binalar toplumy üçin türkmen hökümetinden Aşgabadyň häzirki Arçabil şaýoly bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda ýerleşýän 7 gektar töweregi meýdany 99 ýyl möhlet bilen kärendesine alýar. Kärende möhleti 1998-nji ýylda başlaýar.
Taraplaryň arasynda gol çekilen kärende şertnamasy ABŞ hökümetine Aşgabadyň şäher häkimliginiň rugsady bilen bellenen ýerde ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumyny gurmagyna rugsat berýär.
Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň resmileri 2010-njy ýylyň iýulynda täze binalar toplumynyň gurluşygyna rugsat almak üçin türkmen hökümeti bilen işleşip başlaýar.
ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine, şol sanda ýerleri kärendesine almak, olarda gurluşyklary meýilleşdirmek işlerine Döwlet departamentiniň Daşary ýurtlardaky bina amallary býurosy (Bureau of Overseas Buildings Operations – OBO) gözegçilik edýär.
Daşary ýurtlardaky bina amallary býurosynyň ABŞ Kongresine 2014-nji ýylda beren hasabaty Türkmenistandaky amerikan ilçihanasyna täze binalar toplumynyň zerurdygyny, häzirki ilçihana binasynyň darlyk edýändigini, ilçihananyň öz işlerine dowam etdirmek üçin aýrybaşga edara jaýlary kireýine alýandygyny, kireýine alnan ýaşaýyş jaý toplumynyň şäher merkezinden birnäçe kilometr daşlykda ýerleşýändigini, desgalaryň aýry-aýry ýerlerde ýerleşýändigi sebäpli departamentiň howpsuzlyk aladalary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belleýär. Şeýle-de, býuronyň hasabaty barlag geçirilen 13 degişli binadan dördüsiniň seýsmiki taýdan gowşakdygyny belleýär.
2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň bahasy 196 million dollarlyk gurluşyk taslamasy Caddell Construction Co., LLC (Caddell) kompaniýasyna berilýär.
13 binanyň gurluşygyndan ybarat taslama ilçihananyň Täze edara binasyny, 23 sany ýaşaýyş jaýyny, bir sany ambary, howpsuzlyk işgärleri üçin rezidensiýany, dükanlary, dynç alyş desgalaryny we beýleki binalary öz içine alýar.
Potratçy Caddell Construction 2015-nji ýylyň noýabrynda täze binalar toplumynyň gurluşygyna başlaýar. Ony ilkibaşda 2018-nji ýylyň iýulyna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Hasabat ABŞ ilçihanasyna salgylanyp, binalaryň ak mermerli Aşgabadyň binagärçilik ülňelerine laýyklykda meýilleşdirilendigini aýdýar.
Ýöne barlagçy hasabatyndan mälim bolşuna görä, potratçy kompaniýa gurluşyk üçin türkmen häkimiýetlerinden zerur bolan ähli rugsatnamalary doly almandyr.
“Türkmenistanyň şähergurluşyk işi” hakyndaky kanuny binalaryň gurluşygynda “gyzyl çyzyk” serhedinden aşylmazlygyny talap edýär. Meselem, köçeleriň ýakasynda gurulýan binalar üçin belli araçäk kesgitlenýär, binalar gurulanda şol araçägiň daşyna çykmaly däl.
ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynda Aşgabadyň “gyzyl çyzyk” talabynyň berjaý edilmeýändigi sebäpli, 2016-njy ýylyň iýulynda Türkmenistanyň hökümeti ilçihananyň Täze edara binasynyň gurluşygynyň togtadylmagyny talap edýär.
Şeýle-de, hasabatdan mälim bolşuna görä, bölekleýin tamamlanan gurluşygyň “gyzyl çyzygyň” çäginden çykýan bölegi ýykylmaly edilýär. Hasabat munuň üçin 26 million dollara barabar serişdäniň harçlanandygyny aýdýar.
Şeýlelikde, toplumyň çägindäki beýleki 12 binada gurluşyk dowam edýär, ýöne ilçihananyň Täze edara binasy hökmünde meýilleşdirilen hem-de Arçabil şaýoluna ýakyn aralykda ýerleşýän 13-nji binada gurluşyk togtadylýar we gurlan bina ýykylmaly edilýär.
Barlagçy hasabaty 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasy bilen şertnama baglaşan bir türkmen firmasynyň Täze binalar toplumynyň gurluşyk taslamasy boýunça mälim eden kanuny talaplarynda “gyzyl çyzyk” serhediniň zerurdygy barada aç-açan bellik edilendigini aýdýar.
Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasy taslamanyň kanuny talaplary boýunça türkmen firmasynyň taýýarlan hasabatyny 2011-nji ýylyň awgustynda Döwlet departamentiniň Daşary ýurtlardaky bina amallary býurosyna iberýär. Ýöne býuronyň şol wagt Aşgabatdaky gurluşyk taslamasyndan jogapkär işgäri 2012-nji ýylyň ýanwarynda wezipeden gidende, onuň ornuna gelen işgär türkmen firmasynyň taýýarlan hasabatyndan habarly edilmeýär. Taslamadan jogapkär täze işgär şeýle hasabatdan baryp 2019-njy ýylyň sentýabrynda habarly bolýar.
Döwlet departamentiniň Daşary ýurtlardaky bina amallary býurosy ilçihananyň Täze edara binasyny gaýtadan gurmak üçin 90 million dollar bilen 125 million dollar aralygynda serişdäniň zerur boljakdygyny çaklaýar.
Barlagçy hasabatyna görä, 2016-njy ýylyň iýulynda türkmen hökümeti gurluşygy togtadaly bäri, ABŞ-nyň Döwlet departamenti türkmen tarapyny “gyzyl çyzykdan” el çekdirmek üçin azyndan ýedi gezek ýokary derejeli duşuşyk geçiripdir. Ýöne bu duşuşyklaryň ählisi netijesiz tamamlanypdyr.
2019-njy ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky şol wagtky ilçisi türkmen hökümetiniň gadagan edilen gurluşyga rugsat bermek ähtimallygynyň pesdigini, diňe gurluşygy tamamlanan binany ýykyp, onuň ornuna türkmen tarapynyň “gyzyl çyzyk” talabyna laýyklykda ilçihananyň Täze edara binasyny gurmagyň ýeke-täk çykalgadygyny aýdypdyr.
2019-njy ýylyň iýunynda ABŞ-nyň häzirki ilçisi Mettýu Klimow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşanda ilçihananyň täze edara binasyny ýykman, muňa başga çözgüt tapmak üçin synanyşypdyr. Ýöne bu synanyşyk hem başa barmandyr.
Prezident Berdimuhamedow “gyzyl çyzyk” serhediniň türkmen kanunçylygyna laýyklykda talap edilýändigini hem-de bu talabyň berjaý edilmelidigini aýdypdyr.
Turkmen.news neşiri ABŞ ilçihanasynyň täze edara binasynyň eýýäm ýykylandygyny habar berýär. Google Earth ulgamynda Türkmenistanyň täze hökümet binasyna golaý aralykda gurluşygy heniz doly tamamlanmadyk ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumyny görmek bolýar.
Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň töweregindäki meseleler boýunça ABŞ-nyň Döwlet departamentinden hem-de potratçy Caddell Construction kompaniýasyndan kommentariýa almaga synanyşýar.
Turkmen.news öz çeşmelerine salgylanyp, bu meseläniň koronawirus pandemiýasy ara girensoň, bir ýyl bäri ünsden düşürilendigini ýöne öňi-soňy munuň amerikan häkimiýetleriniň ünsüni çekjekdigini belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.