ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy türkmen kanunçylygynyň “gyzyl çyzyk” talaby sebäpli togtadyldy
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy onuň türkmen şähergurluşyk kanunçylygyna gabat gelmeýändigi sebäpli togtadyldy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Baş barlagçy edarasynyň (Office of the Inspector General – OIG) bir ýyl mundan ozal, 2020-nji ýylyň fewralynda ýaýradan degişli hasabatynda aýdylýar. Türkmen paýtagtyndaky ABŞ ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň togtadylmagy barada ilkinji bolup, Turkmen.news neşiri 8-nji fewralda habar berdi.