Demirgazyk Owganystanda içerki bosgunlykda ýaşaýan etniki türkmenler agyr gyş şertlerinde amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine duçar bolýar. Sebitde 20 müňden gowrak etniki türkmen uruşdan gaçyp, içerki bosgunlar üçin dikilen çadyrlarda gün görýär.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady çadyrlarda ýaşaýan ilatyň, hususan-da çagalaryň we aýal maşgalalaryň gyş aýlarynda ýüzbe-ýüz galan agyr durmuşyny “aýdyp düşündirer ýaly däl” diýip häsiýetlendirdi.
Olar esasan özlerine berilýän ynsanperwer ýardamlara garaşly galýar. Çadyrlarda ýaşaýan etniki türkmenler hususan-da, ýyladyş, saglyk we iýmit üpjünçiligi bilen bagly ýowuz durmuşy başdan geçirýärler.
Muňa garamazdan, ýurtda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän uruşlardan gaçan adamlar asuda durmuş üçin içerki bosgunlygy saýlap alýar. Bu aralykda, ýurtda howpsuzlyk şertleri ýaramazlygynda galýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda çadyrlarda ýaşaýan içerki bosgunlaryň ýyladyş, saglyk we iýmit üpjünçiligi bilen bagly problemalaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady gatnaşdy.