Ukraina rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary bolan syýasatça degişli media resurslaryna garşy sanksiýalary girizdi. Bu Kiýewiň ýurduň içinde Kreml tarapdar şahslara garşy geçiren nobatdaky çäresi boldy.
2-nji fewralda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň tarapynda çykyş edýän “Ýaşaýyş üçin Oppozisiýa Platformasy” partiýasynyň agzasy Taras Kozakyň nominal ýagdaýda eýeçilik edýän üç telekanalyna garşy gadagançylyklary girizdi. Sanksiýalary Zenskiýiň milli howpsuzlyk topary hödürledi.
Emma ukrain mediasy kanal 112, NewsOne we ZIK kanallarynyň aslynda Ukrainanyň iň bir baý we täsirli şahslarynyň biri bolan Wiktor Medwedçuka degişlidigini aýdýar. Medwedçuk “Ýaşaýyş üçin Oppozisiýa Platformasy” partiýasynyň syýasy geňeşiniň hem başlygydyr.
Putini gyzynyň çokundyran ruhany atasy hökmünde saýlan Medwedçuk bu kanallara eýeçilik etmeýändigini aýdýar.
2-nji fewralda girizilen gadagançylyklara laýyklykda, kanallar dessine efirden kesiler, emma Internetde ýaýlymyny dowam etdirer.
Ukrain parlamentiniň ozalky agzasy Serhiý Leşçenko gürrüňi gidýän kanallary “Russiýanyň troýan aty” atlandyryp, olaryň ýurtda Kremliň propogandasyny ýaýradandygyny aýtdy.
Prezidentiň maslahatçysy Mykhaýlo Podolýak kanallaryň “Ukrainada daşary ýurt propogandasyny ýaýratmak üçin açyk we işjeň ulanylandygyny” belledi.