Orsýetliler 23-nji ýanwarda türmede oturan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap etmek üçin onlarça müň adam bolup köçelere çykanda, soňky ýyllarda bolup geçen iň uly garşylyk tolkunynda diňe bir kreml tankytçysynyň azat edilmegini däl, eýsem prezident Wladimir Putiniň işden çekilmegini hem talap etdiler.
Emma paýtagt Moskwadan müňlerçe kilometr günbatarda ýerleşýän Ýakutskda geçirilen ýygnanyşyklarda başga bir ýagdaý hem göze ildi: agyr märekäniň içindäki protestçileriň bir topary "Uzak ýaşa, Belrus!" diýen şygara gagyryp, belaruslaryň 66 ýaşly awtoritar lidere garşy gurnan onlarça müň adamlyk protestleriniň nyşanyna öwrülen ak-gyzyl reňkli baýdagy hem asmana galdyrdy.
Minskde we beýleki belarus şäherlerinde dowam edýän protestleri gurnaýjylar geçen ýylyň awgust aýynda bolan saýlawyň Aleksandr Lukaşenka ýene bir möhlet bermek üçin galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.
Belarusda bolşy ýaly, rus awtoulag sürüjileri hem sowet döwrüniň dissidentleriniň üýtgeşiklige çagyrýan aýdymlaryna ses goşup, raýdaşlyk signalyny berdiler. Bu aýdym belarus protestlerinde hem köp ýaňlandy.
"Men belarus protestleriniň ruslaryň käbirini ruhlandyrandygyna ynanýaryn, muny ak-gyzyl-baýdaklar we "Uzak ýaşa, Belarus!" şygarlary hem subut edýär" diýip, Şwesiýada ýaşaýan belarus analitigi Alesia Rudnik Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly beren düşündirişinde aýtdy.
Bu ikaradaky meňzeşlikler diňe köçe görnüşleri bilen hem tamam bolmaýar. Russiýadaky ýygnanyşyklar Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasy tarapyndan, Nawalny 17-nji ýanwarda Germaniýadan Russiýa gaýdyp geleninden soň çagyryldy. Nawalny sowet döwrüniň nerw agenti bilen zäherlenenden soň, Germaniýada bejergi aldy we rus häkimiýetlerini özüni öldürmek synanyşygynda günäkärledi.
Emma muňa garamazdan, Praganyň Çarlz uniwersitetiniň Russiýa boýunça hünärmeni Aleksandr Morozowyň pikiriçe, Orsýetdäki ýygnanyşyklary ýerli derejede guramak üçin köp iş sosial mediany ulanmak bilen, hususan-da Telegram arkaly edildi.
"NEXTA hem özüniň rus protestlerini utgaşdyrýandygyny öňe sürýär" diýip, Morozow ol ýerdäki demonstrasiýalarda möhüm rol oýnan belarus telegram kanalyny nazarda tutup aýtdy. Sebäbi bu kanal köpçülikleýin habar serişdeleriniň köpüsiniň diňe hökümetiň metbugat gullugy bolup hyzmat edýän ýurdunda ýaşaýan ilaty senzuradan geçirilmedik maglumatlar bilen üpjün edýär.
Şeýle-de, Belarusdaky protestleriň Minskiň daşyndaky köp şäherlere we şäherçelere ýaýraýşy ýaly, 23-nji ýanwarda Russiýada geçirilen protestler hem diňe Moskwa we Sankt-Peterburg ýaly gür ilatly merkezler bilen çäklenmedi. Morozowyň pikiriçe, bu öň görlüp-eşidilmedik ýagdaý bolup durýar.
"Protest ýygnanyşyklary Belgorod, Magnitogorsk, Bratsk ýaly, soňky 200 ýylda nägilelik ýörişleriniň geçirilmedik şäherlerinde geçirilýär" diýip, Morozow Azatlyk radiosynyň Belarus gullugyna beren düşündirişinde aýtdy.
Russiýadaky demonstrasiýalar tutuş ýurt boýunça 100-den gowrak şäheri we şäherçäni öz içine alyp, paýtagt Moskwadaky ýörişe 40,000 töweregi adamyň gatnaşandygy habar berildi.
Garaşsyz gözegçi topar bolan OVD-Info-nyň maglumatyna görä, 23-nji ýanwarda polisiýa 3711 adamy tussag etdi. OVD-Info bu gezek tussag edilen adamlaryň sanynyň on ýyl bäri edýän gözegçiliginde rekord dereje bolandygyny aýtdy. Urlup-ýenjilen we gana boýalan protestçiler ýa geçegçiler baradaky habarlaryň örän köp bolandygy aýdylýar.
Hem Minskde, hem Moskwada...
Belarusyň Strategiki barlaglar institutynyň ymy-barlag merkeziniň barlagçysy Katsiaryna Şmatsinanyň pikiriçe, Belarusyň demokratiýa ugrundaky hereketine goldaw bildirmek täzelikde dörän ýagdaý däl.
"Rus protestçileriniň Belarus bilen raýdaşlygyny görkezmegi rus jemgyýetiniň "ýakyn daşary ýurtlar" babatda Kremliň alyp barýan rewanşizm gatnaşyklary bilen bir hörpden gopmaýandygyny tassyklady. Rus liberallary 2020-nji ýylyň awgust aýynda başlanan protestleriň başyndan bäri belarus halkynyň demokratiýa ugrundaky göreşine duýgudaşlyk bildirýär" diýip, Şmatsina Azatlyk radiosyna aýtdy.
Emma bu ýerdäki meňzeşliklere garamazdan, Angliýanyň Belarusdaky öňki ilçisi we Halkara Strategiki barlaglar institutynyň uly işgäri Nigel Gould-Deýwisiň pikiriçe, belarus protestleriniň häzir Orsýetde bolup geçýän wakalardaky roly, meger, beýle uly däl.
"Ruslar Belarusda bolup geçen soňky wakalardan habarly bolsa-da, men olaryň köpüsiniň edil belaruslardan ylham alandygyny görkezýän anyk subutnamalary göremok" diýip, Gould-Deýwis e-poçta arkaly beren beýanatynda aýtdy.
Mundan başga, az ýaşan ilkinji Belarus respublikasynyň gyzyl-ak baýdagy Russiýanyň Uzak Gündogarynda tussag edilen öňki gubernator Sergeý Furgaly goldamak üçin gurnalan we ençeme aýlap dowam eden demonstrasiýalarda hem asmana galdyryldy.
Habarowskiň öňki häkimi Furgal 15 ýyl ozal azyndan iki telekeçini öldürmegi buýurmakda aýyplanyp, Moskwada saklanýar. Ol bu aýyplamany inkär edýär. Goldawçylarynyň pikiriçe, ondan 2018-nji ýyldaky saýlawda dolandyryjy "Birleşen Russiýa partiýasyndan bolan we Kreml tarapyndan goldanýan kandidaty ýenjendigi üçin "öç alýarlar".
Russiýa bilen Belarusy baglanyşdyrýan zat, Gould-Deýwisiň bellemegine görä, iki ýurtda-da tolgunyşyklara şol bir "esasy sebäpleriň" - "köpden bäri dowam edýän awtoritar ulgamdan lapykeçligiň we bizarlygyň, ykdysady perspektiwalaryň ýabygorlulygynyň we barha artýan repressiýalaryň" itergi bermegi bolup durýar.
Belarusda geçirilen demonstrasiýalaryň ilkinji günlerinde Lukaşenka Putinden gozgalaňa garşy polisiýany ibermegini sorap, "Belarus ýykylsa, yzyndan ýykyljak Russiýa bolar" diýip duýduryş berdi. Şeýle-de, ol Günbatary Belarusda "reňkli rewolýusiýanyň amala aşmagyna" meçew bermek synanyşygynda aýyplady.
Kreml hem Russiýadaky Nawalny ýygnanyşyklaryny daşary ýurtdan ruhlandyrylan protestler hökmünde suratlandyrmaga synanyşdy we hatda Belarusa mysal hem getirdi.
"Belarusda we Gyrgyzystanda synag edilen syýasy usullaryň mysalyny göz öňünde tutsak, biziň ýurdumyzda hem şuňa meňzeş durnuksyzlygyň bolup biljekdigini aradan aýyryp bilmeris" diýip, Russiýanyň Içeri işler ministriniň birinji orunbasary Aleksandr Gorowoý 21-nji ýanwarda, tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalardan iki gün öň aýtdy.
Lukaşenkanyň hökümeti ýurtdaky protestlere, adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" guramasynyň sözleri bilen aýdylsa, "görlüp-eşidilmedik basyş" bilen jogap berdi. Sebäbi howpsuzlyk güýçleri müňlerçe adamy tussag etdi, "protestleri duruzmak üçin ýüzlerçe adam gynamalara we beýleki ýowuz daraşmalara sezewar edildi".
23-nji ýanwar protestçileriniň rus polisiýasy tarapyndan urlup-ýenjilip, depilip kowulyşy, kemsidilişi baradaky habarlar Kremliň islendik protest tolkunyna berk garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Emma Belarusdaky zoňtarlyklar we aşa güýç ulanylmagy Kremle duýduryş hem bolup biler.
"Belarusdaky basyp ýatyrmalaryň gödekligi, başda biziň häzir Russiýada görşümizden has erbet bolup, ters netije berdi we has uly nägilelik döretdi" diýip, Gould-Deýwis adýar.
Putiniň, Lukaşenkanyň ykballary indi bir-birine baglymy?
Sentýabr aýynda Putin Lukaşenka mümkin bolan polisiýa ýa-da beýleki harby goldawy, şeýle hem döwlet karzy görnüşinde 1.5 milliard dollar möçberinde maliýe kömegini etmegi wada berdi. Emma muňa garamazdan, belarus diýdimzory oppozisiýa bilen eglişige gelmekden geçen, öz hökümetiniň ulanýan basyş çärelerini iki esse güýçlendirdi we Putin gitdigiçe çetleşdirilýän Lukaşenka bilen aşa ýakynlaşmakdan çekinýän ýaly göründi.
"Putin Russiýadaky protestleriň belarus wakalaryndan ylham alman, Nawalnynyň işi sebäpli möwç alandygyna düşünse-de," goňşy ýurtlardan protestler hakyndaky toslamalar diýilýän wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, Lukaşenka bilen açyk gapma-garşylyga girmekden gaça durjaga meňzeýär" diýip, Rudnik öz pikirini aýtdy.
Putiniň kynçylykly ýagdaýy Lukaşenka üçin Kremliň häkimiýet geçişini ýola goýmak baradaky talaplaryndan dynç almak üçin biraz böwşeňlik döredip biler diýip, Irlandiýanyň Maýnut uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa barlaglary merkeziniň işgäri, ylymlaryň kandidaty Oleg Çupryna aýtdy.
"Meniň pikirimçe, Russiýada bolup geçýän wakalar Lukaşenka üçin iki ýüzli gylyç bolup durýar. Hakykatdanam, Putiniň häzirki içerki kynçylyklary Lukaşenka rus kärdeşinden birneme wagt utmak we duýgudaşlyk almak pursatyny döredip biler" diýip, Çupryna Azatlyk radiosyna aýtdy.
"Meniň pikirimçe, belarus awtokraty (öz režimini nazarda tutup), Belarus ýykylsa, indiki nobat Orsýetiňki bolar diýende aňryýany bilen mamlady. Emma munuň tersine hem bolup biler: Putiniň režimi ýykylsa, onuň yzyndan ýykyljak hökman Lukaşenkanyň hökümeti bolar".
Waşingtonyň Wilson merkeziniň işgäri, 1990-njy ýyllarda ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi bolan Kennet Ýalowitziň pikirine görä, şuňa meňzeş howp bilen ýüzbe-ýüz bolmak mümkinçiligi, iň bolmanda häzirki wagtda, Putini we Lukaşenkany bir-birine has ýakynlaşdyryp biler. Ol bu pikiri Azatlyk radiosyna ýazmaça iberen düşündirişinde aýtdy.
"Rus demonstrasiýalary häzirlikçe Putin üçin hakyky howp däl, ýöne olar Russiýada we Belarusda halkyň näderejede başga pikirlenýändigi babatda çynlakaý duýduryş bolup biler" diýip, Ýalowitz pikir edýär. "Putin bilen Lukaşenkanyň ikisine hem aşakdan umumy howp abanýar we olaryň muňa berip biljek jogaplary, belki-de, has kän basyp ýatyrmalar bolup görünýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.