Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy 25-nji dekabrda Türkmenabatdan Moskwa çykyş uçuşyny planlaşdyrýandygyny aýtdy diýip, “Türkmenportal” neşiri Orsýetiň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohiniň ýerli metbugat üçin geçiren ýygnagyna salgylanyp habar berýär.
Bu uçuşdan rus raýatlary, şeýle-de, rus hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji buýrugy esasynda Orsýete girmek rugsady berlen daşary ýurtlular peýdalanyp biler.
Bu Orsýetiň pandemiýa başlanaly bäri guran bäşinji çykyş uçary bolar. Mundan öňki uçuş oktýabryň aýagynda guralypdy diýip, habarda bellenýär.
Şondan soň Türkmenistandan Orsýete guraljak uçar gatnawlarynyň 25-nji we 30-njy ýanwarda bolup biljekdigi aýdylýar.
Mundan başga, Türkiýäniň ilçihanasynyň hem çykyş uçuşyny gurnaýandygy habar berilýär. “Türkhowaýollarynyň” uçary 22-nji dekabr güni, sagat 17-de Türkmenabatdan Stambula uçar, bu uçara münmekçi bolýan ýolagçylaryň ýörite forma dolduryp, elektron poçta arkaly diplomatik missiýa (ilçihana.ashgabat@mfa.gov.tr) ibermelidigi habar berilýär.
Tassyklanan ýolagçylaryň sanawy, 550 dollar bahasy bolan biletleri almaklary üçin, türk howa gatnawy kärhanasynyň Aşgabatdaky edarasyna iberiler.