Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýumurtga alanlar surata düşürilip, ikilenç geleniň tutuljagy duýdurylýar


Döwlet TW-sindäki ýumurtga 'bolçulygy'.
Döwlet TW-sindäki ýumurtga 'bolçulygy'.

Aşgabadyň bazarlarynda mandarin, apelsin, alma-nar, armyt we banan satylýar, ýöne bu dürlülik hemme ýerde tapdyrmaýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Döwlet dükanlarynda arzan bahadan berilýän önümler berk polisiýa gözegçiliginde, alyjylaryň islemeýän zatlaryny hem goşmak şerti bilen satylýar.

Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden döredilen wagtlaýyn azyk bolçulygynyň çäginde satuwa çykan önümler her bazarda bir hiliräk ýagdaýda satylýar.

Mysal üçin, paýtagtyň 11-nji etrapçasyndaky “Gündogar” bazarynda gowy hilli paketlere salnan önümler bilen birlikde zaýalanyp başlan üzüm berilýär; “Parahat” etrapçalaryndaky bazarda bolsa, gaplanan miweleriň içinde hem zaýa bolanlary kän we olaryň gapdalyndan çüýräp başlan sogan berilýär.

Şeýle-de, adamlaryň köpüsi tereziden edilýän karamlykdan şikaýat edýär.

Ýöne adamlar köpüsi 5, 10 manat aralygynda satylýan miwe önümlerini satyn almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çalyşýar, sebäbi bu önümler hususy dükanlarda has gymmat diýip, habarçy aýtdy.

Mysal üçin, häzir Aşgabadyň hususy dükanlaryna mandarin 35-45, nar -25 , apelsin 40 -60 manatdan satylýar.

Şeýle-de habarçy paýtagtda ýumurtga söwdasynyň gyzmagy bilen, polisiýa işgärleriniň alyjylara has gödek çemeleşip başlandygyny hem habar berdi.

Düýn irden 16-njy dükanyň öňünde ýumurtga üçin nobata duranlary polisiýa ýeke-ýekeden çagyryp, ýüzlerindäki maskany aýyrmagy buýrup, telefonda surata düşürdi we ertirem ýumurtga almaga gelseler, tussag etjekdiklerini aýdyp gorkuzdy diýip, habarçy 19-njy dekabrda habar berdi.

“Haçan siz ýumurtgadan doýjak, her gün satyn alýarsyňyz” diýip, polisiýa işgäri adamlara azgyrylýar diýip, bu maglumaty birnäçe aşgabatly ýaşaýjy hem tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG