ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň iş möhletiniň soňunyň golaýlamagy bilen, gidýän administrasiýa ABŞ garşydaşyna garşy täze jeza çärelerini girizip, Eýrana has köp basyş etmekçi bolýar.
ABŞ-nyň Eýran boýunça ýokary derejeli wekili Elliot Abrams 25-nji noýabrda ýaraglar, köpçülikleýin gyrgyn ýaraglary adam hukuklary bilen baglylykda, täze jeza sanksiýalarynyň girizilmegi bilen, Trampyň sanksiýalar strategiýasynyň onuň prezidentlik möhletiniň ahyryna çenli, "ýene birnäçe aý dowam etjekdigini" aýtdy.
Tramp işe girişenden soň ozalky prezident Barak Obamanyň dolandyryşy astynda işlenip düzülen we 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýä güýçleriniň arasynda baglaşylan möhüm ýadro şertnamasyny berk tankyt etdi.
Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylda Tähran bilen baglaşylan ýadro şertnmasyndan çykdy. Eýran bu şertnama astynda, sanksiýalaryň aýrylmagy şerti bilen, özüniň ýadro programmasyny çäklendirmäge razy boldy.
Tramp täze jeza sanksiýalaryny girizmek bilen, Tährana garşy nurbatlary berkitdi we Eýran bu şertnama astynda indi urany baýlaşdyrmagy azaltmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň hökman däldigini mälim etdi, Hytaý we Russiýa bilen bilelikde şertnama gol çeken ýewropalylar ylalaşygy saklap galmaga çalyşdylar.
Saýlanan prezident, ýanwar aýynda işe başlamaly Jo Baýden, eger-de Eýran öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini dikeltse, özüniň ABŞ-nyň bu şertnama dolanyp gelmegini isleýändigini aýtdy.
Abrams Berlin instituty tarapyndan geçirilen wirtual çäräniň dowamynda Baýdeniň daşary syýasat ugruna hödürlän kandidatlaryny öwdi we täze administrasiýanyň Tähran bilen Eýrandan abanyp biljek raketa we sebit howplaryna garşy täze şertnama baglaşmak üçin "uly mümkinçilikleriniň bardygyna" ynanýandygyny aýtdy.
Ýöne Abrams Baýdene Obamanyň toparynyň ýalňyşlyklary hasaplaýan zatlaryny gaýtalamazlygy duýdurdy we gelýän prezidente özüniň gazanylan hasaplaýan üstünliklerinden peýdalanmagy maslahat berdi.
"Eger biz elimizde bar bolan tutarymyzy ulanman taşlasak, bu hakykatdanam tragiki we akmaklyk bolar. Ýöne ony ýerinde ulansak, bu meseleleriň hemmesini çözýän konstruktiw ylalaşyk üçin mümkinçilik barmyka diýýärin" diýip, Abrams aýtdy.
Eýranyň ruhany dolandyryjylary Eýranyň raketa programmasy ýa-da bu ýurduň sebit syýasatyna üýtgetme girizmek barada gepleşikleriň bolmajakdygyny aýtdylar.
Emma Eýranyň prezidenti Hasan Rohani 25-nji noýabrda geçirilen we telewideniýede görkezilen mejlisde özüniň amala aşmagyna kömek beren başky şertnamasyna gaýdyp gelmäge açykdygyny aýtdy.
"ABŞ-nyň täze hökümeti [gidýän] administrasiýa tarapyndan soňky dört ýylda ulanylan erbet syýasatlaryň öwezini dolmaly bolar" diýmek bilen, Rohani "Eýran bilen ABŞ-nyň ylalaşyp, iki tarapyň hem "2017-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndaky, Trump işe başlan wagtyndaky şertlere gaýdyp gelmek isleýändigini yglan edip biljegini sözüne goşdy.