Amerikanyň seljeriş we geňeş kompaniýasy “Gallup” dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň - Kanun we tertip görkezijisiniň reýtingini çap etdi. Bu ýylyň hasabatyna görä, Türkmenistan we Singapur jemgyýetçilik pikir soramalarynda 97 utuk toplap, dünýäniň iň howpsuz ýurtlary boldy.
Bu barlag adamlaryň polisiýa bolan ynamyna, şahsy howpsuzlyk duýgusyna we geçen ýylda ogurlyklaryň, hüjümleriň ýa-da talaňçylyklaryň sanyna esaslanýan jemleýji bahalara esaslanýar. Ýurtlara 100 ballyk şkalada baha berilýär - bal näçe ýokary bolsa, ýurt has ygtybarly hasaplanýar.
Türkmenistan bilen Singapurdan soň Hytaý (94 utuk), Islandiýa (93), Kuweýt (93), Norwegiýa (92), Awstriýa (92), Şweýsariýa (92), Özbegistan (92) we Birleşen Arap Emirlikleri (92) dünýäniň iň howpsuz ýurtlary boldy.
Iň howply ýurtlar Meksika (61), Botswana (61), Sierra Leone (60), Uganda (59), Gambiýa (58), Günorta Afrika (57), Liberiýa (54), Wenesuela (54), Gabon (52) we Owganystan (43) boldy.
Türkmenistanda bu mesele boýunça 2019-njy ýylyň 16-njy iýulyndan 19-njy oktýabry aralygynda rus we türkmen dilinde 1089 adam bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Halkara guramalarynyň çap edýän tankydy hasabatlaryndan tapawutlylykda, TDH bu habary has ygtybarly hasaplap, onuň Türkmenistanyň we onuň prezidentiniň abraýyny has belende galdyrandygyny aýdyp, begenç bilen habar berdi.
Emma muňa garamazdan, hukuk goraýjylar türkmen türmelerinde adam gynamalarynyň giň ýaýrandygyny, aýyplanýanlaryň ýüklenen islendik günäni boýun almaga mejbur edilýändigini, bu ýagdaýyň her ýylda on müňlerçe adamyň türmeden geçirilmegine alyp gelendigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 45-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur.”
Şeýle-de, hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetleriniň Covid-19 pandemiýasynyň çuňlaşdyran ykdysady kynçylyklaryny ýeňletmekde ýeterlik ýardamçy bolup bilmeýändigini, Türkmenistanyň subsidirlenen azyk önümleriniň ýetmezçiliginiň barha güýçlenýändigini, netijede hem türmelerde, hem azatlykda işsiz adamlara açlyk howpunyň abanýandygyny öňe sürýärler.
Özleri üçin elýeterli bolan azyk önümlerini satyn almak üçin ir sagatlardan nobata durýan adamlaryň köplenç öýlerine boş gaýtmaly bolýarlar diýip, Adam hukuklarynyň goraýan HRW-nyň golaýda çap eden hasabatynda aýdylýar.