Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Ankaradan tussag edilen türkmen aktiwistini deportasiýa etmezlige çagyrýarlar


ABŞ-daky türkmen aktiwistleriniň Dursoltan Taganowany goldap geçiren demonstrasiýasy. Awgust, 2020
ABŞ-daky türkmen aktiwistleriniň Dursoltan Taganowany goldap geçiren demonstrasiýasy. Awgust, 2020

Adam hukuklaryny goraýjy 11 gurama türk häkimiýetlerini türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrdy we onuň Türkmenistana gaýdyp baran ýagdaýynda esassyz tussag ediljekdigini hem gynamalara sezewar boljakdygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) 12-nji oktýabrda çap eden maglumatynda guramalar Türkiýäniň halkara hyzmatdaşlaryny "Ankarany halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we Tükiýede gaçybatalga gözleýän Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrmaga" ündedi.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hug Williamson "Türkmenistanyň hökümetiniň parahatçylykly tankytçylara güýçli azar berýändigi we jezalandyrýandygy mälim" - diýip, belledi we şeýle diýdi: “Dursoltan Taganowany Türkmenistana gaýtarmak, onuň yzarlanmagyna we gynamalara sezewar bolmagyna getirer. Türkiýe adamlary zulum edilip bilinjek ýere ibermezlik baradaky halkara borçlaryny ýerine ýetirmeli ".

Taganowanyň ykbalyna aladalanma bildiren 11 guramanyň arasynda Bolgariýanyň Helsinki komiteti, Crude Accountability, Demokratiýanyň we Adam Hukuklarynyň Ösüş Merkezi, Türkmenistanyň Graždan bileleşigi, Freedom Files, Human Rights Watch, Adam hukuklary instituty, "Memorial", Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Türkmenistan Helsinki komiteti we Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy ýaly guramalar bar.

29 ýaşly aktiwist iýul aýynda Stambulda koronawirus çäklendirmelerini bozmakda aýyplanyp tussag edilen beýleki onlarça türkmen aktiwistiniň, esasanam migrant işçileriň arasyndady. Bu ýagdaý Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasyna ýeterlik derejede jogapkärçilikli çemeleşmeýändigini tankyt edýän aktiwistleriň planlaşdyran protest aksiýasynyň öňüsyrasynda ýüze çykypdy.

Taganowanyň aklawçysy Human Rights Watch guramasyna öz müşderisiniň türk häkimiýetleriniň tussaglykda saklaýan ýeke-täk türkmen raýatydygyny aýtdy. Aklawçy konsullygyň ýazmaça eden şikaýatynda Taganowany aýratyn agzandygyny belledi. Häkimiýetler onuň we beýleki dört türkmen raýatynyň türkmen diplomatlarynyň işine goşulandygyny we olara garşy zorluk bilen haýbat atandygyny güman edýärler. Taganowa Türkiýäniň Demonstrasiýa we jemgyýetçilik ýygnaklary baradaky kanuny boýunça aýyplama bildirildi.

Iýun aýyndan bäri Türkiýede, ABŞ-da we Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa nägilelik bildirmek üçin çykyşlaryň ençemesini geçirdiler.

Hökümetiň tankytçylary we adam hukuklary boýunça toparlar Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda awtokrat Saparmyrat Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna geleli bäri başga pikirdäkileri basyp ýatyrandygyny we berk çäklendirme ýöredýän ýurda az üýtgeşiklik getirendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG