Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýyp arabasynda dilegçilik edýän Bäşim işsiz maşgalasyny ekläp bilmeýändigini aýdýar


Aşgabat, doganlary bilen gezime çykan maýyp arabaly çaga. Arhiwden alnan surat
Aşgabat, doganlary bilen gezime çykan maýyp arabaly çaga. Arhiwden alnan surat

Birinji derejeli maýyplara berilýän kömek pullary 900 manada golaý, üçünji derejeli maýyplaryň kömek pullary 400 manada golaý, döwletiň ýarawsyz adamlar üçin kesgitlän kömek pullary olaryň dermanlaryna hem ýetmeýär, sebäbi azyk önümleri, dermanlar gaty gymmatlady diýip, habarda aýdylýar.

Mary şäheriniň golaýyndaky obalaryň birinde ýaşaýan 40 ýaşly Bäşimiň iki aýagy hem ysmaz, ol öýüň içinde diňe elleri bilen süýşüp bilýär, emma her gün maýyp arabasyna münüp, dilegçilige çykýar. Sebäbi onuň maşgalasynda hiç kim işlemeýär we olar diňe ýarawsyza berilýän kömek pulunyň we sadakalaryň hasabyna güzeran aýlamaga çalyşýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Bir ýyl öň Bäşim her günde 20 manat çemesi sadaka çöpleýärdi, onuň gündelik gazanjy indi 7-10 manatdan geçenok.

Sebitde işe ýarawsyz bolup, döwletiň berýän kömek pullarynyň hasabyna güzeran aýlaýan adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleri ozalam ýeňil däldi, ýöne soňky aýlarda has agralýar diýip, habarçy aýtdy.

Bu habar Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek ýylyň 1-nji ýanwarynda aýlyklary, şol sanda kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmak baradaky karara gol çeken we nobatdaky uly saglyk desgasyny açan wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär. Ýöne synçylar aýlyklaryň we kömek pullarynyň ozalam ýaşaýyş minimumyndan örän pesdigini, 10 prosent ýokarlandyrmanyň bolsa inflýasiýany ýapardan hem kän azdygyny aýdýarlar.

Mundan başga, ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik we maliýe kynçylyklary wagtynda raýatlaryň hasaplaryna geçen serişdeleri nagtlaşdyrmagy hem uly güzaba öwrüldi.

"Mary welaýatynda ýaşaýan inwalid adamlaryň günleri öňküden hem kynlaşdy, sebäbi öňki kynçylyklaryň üstüne pul nagtlaşdyrmak kynçylygy hem goşuldy" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň we Azatlyk bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, işe ýarawsyz adamlara berilýän kömek pullary "tasdan hiç zada ýetmeýär".

"Birinji derejeli maýyplara berilýän kömek pullary 900 manada hem ýetenok, üçünji derejeli maýyplaryň kömek pullary bolsa 400 manada hem ýetenok" diýip, habarçy aýtdy.

Döwletiň ýarawsyz adamlar üçin kesgitlän kömek pullary olaryň dermanlaryna hem ýetmeýär, sebäbi azyk önümleri, dermanlar gaty gymmatlady diýip, synçylar aýdýar.

Kömek pullaryny alýan adamlaryň kynçylyklary diňe bular hem däl, olaryň köpüsi her alty aýdan bejergi almaly, welaýatyň ýörite saglyk komissiýasyndan geçmeli.

"Bu işler üçin baran ýeriňde pul tölemeli. Mysal üçin, hassahana barsaň, bir topar barlagdan geçmeli we her gapa baranyňda azyndan 40 manat tölemeli, barlag geçiren lukmana 50-100 manat aralygynda pul bermeli, sanjym edýän şepagat uýalarynyň haky bolsa 20 manat" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanda dermanlaryň nyrhlary yzygiderli ýokarlanýar we näsaglar üçin zerur dermanlar köplenç tapylmaýar ýa-da has gymmat bahadan satylýar. Hökümet tarapyndan mugt goýberilýän dermanlaryň sanawy bolsa, ýyl-ýyldan azaldylýar we bolanlaryny hem mydama dawalaşyp, uly goh bolup ýa-da lukmalara pul berip almaly diýip, ýarawsyz adamlaryň birnäçesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu agyr ýagdaý ýarawsyz adamlaryň käbirini maýyp arabajygy bilen köçede dilegçilik etmäge mejbur etse, ýene bir toparyny uzak günlerini dükanlaryň öňünde, ýollaryň gyrasynda el serip oturmaga mejbur edýär.

Ozallar ýarawsyz garrylary, maýyp çagalary döwlet edaralaryna tabşyrmagy aýyp gören bolsalar, indi köp maşgala ýarawsyz hossarlaryny saklap bilmän, Murgap etrabynda ýerleşýän garrylar öýüne ýerleşdirýär, inwalid çagalary bolsa, Mary şäherindäki, Baýramalydaky ýetimler öýüne, maýyp çagalar öýüne tabşyrýarlar.

Ýöne olaryň yzyndan eltilýän azyk önümleri, berilýän sadakalar hem köplenç ýarawsyz adamalara ýetmän, korrupsiýanyň pidasy bolýar diýip, bu hili döwlet edaralaryndaky ýagdaýdan habarly resmi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Maýyp arabasy bilen dilegçilik edip, maşgalasyny ekleýän Bäşimiň ýagdaýyna dolanyp gelsek, gazanjynyň ýarpydan hem kän azalmagyndan beter, ol indi adamlaryň özüni dilegçilik edýän ýerlerinden hem kowýandygyny, 'bar, git-de öýüňde otur, döwletden alýan kömegiň bilen oňjak bol" diýýändiklerini gürrüň berýär.

"Biz üýşüp, maşgala bolup meniň pensiýama ýaşaýarys. Uly adamlaryň pampersiniň iň arzany 20 manatdan satylýar, dermanlar gaty gymmat" diýip, Bäşim gürrüň berdi. Şeýle-de ol, öz tanyşlarynyň arasynda koronawirus sebäpli karantin astyna alnyp, derman berilmän, ugruna seredilmän ölenleriň hem bolandygyny aýtdy.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda hiç bir COVID-19 hadysasy hasaba alynmady.

TDH-nyň wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowyň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatyna salgylanyp ýazmagyna görä, soňky dokuz aýda ýurtdaky jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy we öndürilen önümiň mukdary geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 4,2% artdy.

Şeýle-de TDH ýurtda onlarça milliard dollara durýan gurluşyklaryň alnyp barylýandygyny habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG