Ermenistan ÝHHG-niň üsti bilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny aýdýar. Bu waka çaknyşyklaryň regional güýçleri hem özüne çekip, doly urşa ýazmagyndan alada edýän halkara liderleri bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitinde azerbaýjan güýçleri bilen barýan söweşi gyssagly bes etmek barada çagyryşlaryny dowam etdirýän mahalyna gabat geldi.
Ýerewandaky Daşary işler ministrligi 2-nji oktýabrda beren beýanatynda Fransiýanyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň gatnaşmagyndaky Minsk toparynyň Daglyk-Garabag üstünde söweşýän güýçleriň duşmançylygy derhal bes etmekleri baradaky bilelikdäki çagyryşyny goldaýandygyny aýtdy.
Üçlügiň egindeş başlyklary Ermenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryny öňünden şert goýmazdan, ÝHHG-niň çägindäki Minsk toparynyň beýemçiliginde derhal “düýpli gepleşikleri dikeltmäge, öňünden şert goýmazdan gepleşik geçirmäge” hem çagyrdy.
“Biz Minsk toparynyň egindeş başlyklarynyň Daglyk-Garabag konflikt zolagynda güýç ulanylmagyny berk ýazgarmak arkaly reaksiýa bildirmegini gowy garşy alýarys” diýlip, ermeni beýanatynda aýdylýar.
“Ermenistan Daglyk-Garabag konfliktiniň parahatçylykly çözülmegine ygrarly bolup galýar... Biz 1994-1995-nji ýyllardaky şertnamalara esaslanyp, ýaraşyk düzgünini dikeltmek üçin ÝHHG-niň Minsk toparynyň egindeş ýurtlary bilen işleşmäge taýýardyrys” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Ermenistan we Azerbaýjan şu wagta çenli 27-nji sentýabrda başlanan atyşygy bes etmek baradaky çagyryşlara kän baş galdyrmandylar.
Taraplar Daglyk-Garabagy dolandyrýan etniki ermeni güýçlerini Azerbaýjan goşunyndan bölýän Aragatnaşyk çyzygynyň köp böleginde ýaragly pilotsyz uçarlar, tanklar, dikuçarlar we köp raketa ulgamlary ulanylan güýçli çaknyşyklarda aglabasy parahat ilatdan ybarat 200-e golaý adamyň ölendigini habar berdiler.
Bu çaknyşyklar 1994-nji ýylda jedelli territoriýanyň üstündäki söweşiň tamamlanmagyna getiren ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk baglanyşany bäri zorlugyň iň erbet partlamasy hasaplanylýar. Şeýle-de, çaknyşyklar Ermenistan bilen howpsuzlyk bileleşiginiň agzasy bolan Russiýany we NATO-nyň agzasy bolan Türkiýäni hem özüne çekmek wehimini döretdi, Ankara Azerbaýjany "mümkin bolan ähli derejede" goldajakdygyny aýtdy.
2-nji oktýabrda Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Yves Le Drian azerbaýjanly we ermeni kärdeşlerine konfliktiň “halkaralaşmak” töwekgelçiligine garşy duýduryş berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde Le Drian ministrlere söweşi togtatmazlygyň “ýagdaýyň gözegçilikden çykmak howpuny döretjekdigini” hem aýtdy diýip, onuň edarasy belledi.
Şu aralykda, Ermenistanda 104 harbynyň we 23 asuda adamyň öldürilendigi hasaba alyndy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Garabagyň separatist goşunyny 2300 esgerini öldürendigini, “130 tankyny, 200 topyny, 25 uçara garşy ýaragyny, bäş sany ok-däri ammaryny, 50 sany tanka garşy ýaragyny, 55 sany harby ulagyny ýok edendigini” aýtdy.
Azerbaýjan resmileri öz harby güýçleriniň ýitgileri barada jikme-jik maglumat bermediler, ýöne 10-dan gowrak parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini, 40-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Ermenistan Azerbaýjanyň 130 esgerini ýitirendigini, ýene 200 adamyň ýaraly bolandygyny öňe sürdi.
Azerbaýjan bilen Ermenistan Sowet Soýuzynyň soňky ýyllaryndan bäri Daglyk-Garabag üstünde dawa edýär we 1994-nji ýylda baglaşylan oňaýsyz ylalaşyga çenli bolan uruşda 30 müň çemesi adam ýitirdi.
Daglyk-Garabag şondan bäri etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.