Mary şäheriniň häkimiýetleri hususy dükanlardaky we söwda nokatlaryndaky kameralaryň hasabyna köçelere gözegçiligi güýçlendirmegi maksat edinýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berýär.
"Şu gün telekeçileri Mary şäheriniň polisiýa edarasyna ýygnap, ýygnak geçirdiler. Ýygnakda maýor derejeli we iki sany raýat eşigindäki howpsuzlyk işgäri: "Dükanlaryňyzyň daşyndaky wideo ýazgy edýän kameralaryňyzy ýola we ýanýodalara bakdyrmaly" diýip aýtdylar" diýip, 14-nji sentýabrda ýygnaga gatnaşan telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Telekeçileriň sözlerine görä, ýygnagy geçiren howpsuzlyk işgärleri dükanynda kamerasy bolmadyk telekeçilere ony öz hasaplaryna satyn alyp, şu hepdäniň 5-nji gününe (18-nji sentýabr) çenli hökman gurnamagy hem tabşyrdylar.
Şeýle-de, ýygnakda telekeçiler dükanlaryna möhür basylyp ýapylandygyny ýatlatdylar we howpsuzlyk işgärlerinden möhüri aýryp, olary gaýtadan açyp işledip biljekdiklerini ýa-da bilmejekdiklerini hem soradylar.
"Howpsuzlyk işgärleri telekeçilere "Dükanlaryňyz ýapyklygyna galmaly. Dükana girip kameraňyzy toga sokup işlediň we soňra köçä tarap seretdiriň. Şondan soň ony tokdan sogurman, dükanyňyzy gulplap çykyp gaýdyň" diýip aýtdylar" diýip, maryly telekeçi bu täze talabyň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş berilmeýändigini hem belledi.
Bu dükanlar şäheriň esasy, şol sanda Kemine, A. Niýazow, Oguzhan we Mollanepes köçeleriniň ugrunda ýerleşýär. Ýurtda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň fonunda, olaryň gapylaryna iýulyň ahyrynda möhür basylypdy we olarda söwda etmek doly ýatyrylypdy.
"Dükanlar möhürlenende, telekeçiler olaryň toklaryny öçürip, kameralaryny tokdan soguryp çykdylar. Häzir möhüri ýyrtyp, içine girmäge rugsat berdiler. Mundan öň bolsa kim möhüri ýyrtsa, dükan eýesine uly jerime salynjakdygy duýdurylypdy" diýip, habarçy belledi.
Azatlygyň habarçysy bu talabyň fonunda, şu günler şäheriň köçelerinde kamera gurnap ýören adamlara köp duş gelse bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
"Hökümet ilat nägileligini bildirip, köçä çykaýmasyn diýip, kamera gurnap, munuň öňüni almakçy bolýar diýip, adamlar özaralarynda gürrüň edýärler" diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ýöne bu maglumatlar Aşgabatda we welaýatlarda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň habarçylary Aşgabatda polisiýa işgärleriniň öýme-öý aýlanýandygyny we raýatlaryň resminamalaryny hem propiskalaryny barlap, hasaba alýandygyny habar berdiler.
Mundan öň Azatlygyň habarçylary welaýatlardaky polisiýa işgärleriniň paýtagta iberilýändigini, ýangyn söndürijileriň polisiýa derek köçelerde gözegçilik edýändigini, şeýle-de internetiň çäklendirilendigini we VPN ulanmagyň öňüni almak boýunça çäre görülýändigini habar beripdiler.
Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününi belleýär. Ýurduň häkimiýetleri COVID-19 pandemiýasynyň fonunda bu ýyl baýramçylygyň nähili geçiriljekdigini habar bermediler. Adatça türkmen häkimiýetleri bu baýramçylyga howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek we köpçülikleýin dabaralar üçin maşklary geçirmek bilen taýýarlanýardy. Bu ýyl uly taýýarlyk çäreleri göze ilmeýär.
Howpsuzlyk çäreleriniň nobatdaky güýçlendirilmegi, ýurtda ykdysady ýagdaý ýaramazlaşýarka häkimiýetleriň ilatyň problemalaryna we zerurlyklaryna äsgermezlik edýändigine halk tarapyndan nägileliginiň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Soňky gezek 12-nji awgustda Mary şäherinde ýüzlerçe adamyň, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, protest çäresini geçirendigi habar berildi.
Şeýle-de, soňky dört aýyň dowamynda daşary ýurtlarda türkmen aktiwistleri hökümetiň işinden aýrylmagyny talap edip, guramaçylykly demonstrasiýalary geçirýärler we ýurduň içinde protest geçirmäge çagyrýarlar.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalar we aktiwistler, şol sanda "Memorial" merkezi we Türkmen Helsinki fondy Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegini daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketiniň işjeňligi we häkimiýetleriň ýurtda bolup biljek köpçülikleýin tolgunmalardan gorkusy bilen baglanyşdyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.