Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň wise-premýeri COVID-19 keseliniň netijeleri zerarly aradan çykdy


Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Uktam Barnoýew,
Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Uktam Barnoýew,

Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Uktam Barnoýew, koronawirus synagynyň oňyn netije bermeginden iki aý töweregi wagt geçensoň, COVID-19 keseliniň netijeleri zerarly aradan çykdy.

Barnoýew Özbegistanda COVID-19 keselinden bejergi alan döwründe insultdan ejir çekendigi sebäpli Germaniýa alnyp baryldy we şol ýerde 20-nji sentýabrda keselhanada aradan çykdy.

56 ýaşly özbek resmisi fewral aýyndan bäri hökümetiň oba hojalygyna we azyk pudagyna gözegçilik etdi. Bu wezipä bellenmezinden ozal Buhara welaýatynyň häkimi bolup işledi.

Ýerli metbugat iýul aýynyň ahyrynda Barnoýewiň ýagdaýynyň agyrdygyny we onuň koronawirus bilen keselläninden soň dem alyşy emeli güýçlendiriji enjamyna çatylandygyny habar berdi.

COVID-19 keseliniň netijelerinden ölen özbek hökümet işgärleriniň arasynda maliýe ministriniň orunbasary Erkin Tursunow we Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyň mejlisiniň başlygy Muso Erniýozow boldy.

Özbegistan ilkinji koronawirus wakasyny 15-nji martda hasaba aldy. 21-nji sentýabrda tas 33 million ilatly bu Merkezi Aziýa döwletinde 51 789 keseliň bardygy, şol sanda 435 adamyň ölendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG