Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Türkmenistana ynsanperwerlik kömegini iberýär


Türkmen näsaglarynyň hassahanalara öz dermanlary bilen gelmelidigi habar berilýär.
Türkmen näsaglarynyň hassahanalara öz dermanlary bilen gelmelidigi habar berilýär.

“Trend” habar gullugy türk hökümetine salgylanyp, bu ýurduň Türkmenistana ynsanperwerlik kömegini iberjekdigini habar berýär.

Ynsanperwer kömegi Türkiýe bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda saglyk pudagyndaky haýyr-sahawatlar barada baglaşylan ylalaşyga esaslanýar. Bu ylalaşyga Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Emine Alp Meşe we Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew gol çekdi.

Ylalaşyga görä, Türkiýe Türkmenistana emeli dem aldyryş enjamlarynyň 20 toplumyny, N95 ýüz maskalarynyň 500 müň toplumyny, 100 müň möçberinde hirurgiki maska, 10 müň sany ýörite saglyk eşiklerini we 10 müň guty gidroksihlorokin tabletkasyny peşgeş berer.

Şeýle-de habarda Türkiýäniň Özbegistana hem köp mukdarda ynsanperwer kömegini iberjekdigi aýdylýar.

Türkmenistan ýurtda hiç bir koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdýar we Aşgabadyň kesel ýaýramagyna garşy durmak taýýarlygynyň ýeterlik däldigi baradaky pikirlere garamazdan, pandemiýa döwründe goňşy ýurtlara, şol sanda Orsýete hem ynsanperwer kömeklerini iberdi.

XS
SM
MD
LG