Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Internete gözegçiligi has-da güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisiniň tehniki binýadyna daşary ýurtly hünärmenleriň täze enjam ornaşdyrýandygyny we ýurtda Internete gözegçiligiň has-da güýçlendirilýändigini habar berýär.

Ýagdaýdan habarly bir çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň bermegine görä, geçen aý hytaýly hünärmenler Türkmenistanyň “Türkmentelekom” aragatnaşyk kärhanasynyň tehniki binýadyny enjamlaşdyryş işlerini geçirdiler we Internete doly gözegçilik edýän enjamlary oturtdylar.

“Google, YouTube we beýleki saýtlar edil Hytaýdaky ýaly doly petiklener” diýip, çeşme aýtdy. Ol kompaniýanyň binýadyna Germaniýada öndürilen enjamlaryň oturdylandygyny belledi.

Çeşme bu işleriň ýurduň "Internet trafigini tutuşlygyna yzarlamak" maksady bilen ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy “Türkmentelekomyň” binýadyna Germaniýada haýsy kompaniýa tarapyndan öndürilen enjamlaryň oturdylandygyny, ýa-da hytaýly hünärmenleriň haýsy kompaniýa üçin işleýändiklerini anyklap bilmedi.

“Degişlilikde ähli ‘erbet saýtlar’ petiklener” diýip, çeşme aýtdy.

Ýurduň çäginde Azatlyk Radiosy we Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz neşirler hem-de sosial torlar uzak wagtdan bäri petikli saklanýardy. Ýöne ulanyjylar bu saýtlara Psiphon ýaly VPN hyzmatlaryny ulanmak arkaly ýurduň çäginden girip bilýärdiler.

Ýöne soňky ýagdaýlardan habarly çeşme bu gezek has giň gerimli petikleme çäreleriniň görülýändigini aýtdy. “Dolulygyna Hytaý warianty” diýip ol sözüne goşdy.

Habarçynyň sözlerine görä, “Türkmentelekomda” geçirilen soňky tehniki işlerden soň Internetiň tizliginiň ýokarlanjakdygy, ýurtda tehniki taýdan onlaýn okuw geçmäge mümkinçiligiň boljakdygy aýdylýar.

“Geçen aý köp adam Inernetiň işleýşinden, hususan-da Wi-Fi hyzmatlaryndan şikaýat etdiler. Sebäbi şonda [Türkmentelekoma täze] enjamlar gurnalýardy” diýp, çeşme aýtdy.

“Türkmentelekomyň” tehniki binýadyna täze enjam ornaşdyrmak işleri we häkimiýetleriň Interneti “has güýçli çäklendirmek” synanyşyklary daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda döreýän nägilelikleriň fonunda we olaryň türkmen hökümetine garşy daşary ýurtlarda geçiren protestleriniň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýagdaýlardan habarly çeşme ýurduň daşynda ýygjamlaşýan protestler bilen häkimiýetleriň ýurt içinde Interneti yzarlamak we ony has güýçli çäklendirmek synanyşyklarynyň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygyny aýdýar.

“Daşardan gelýän maglumat akymyna Hytaý usuly bilen tutuşlygyna gözegçilik etmek boýunça kararyň alynmagy Türkiýede, Nýu-Ýorkda (ABŞ-da) we [Demirgazyk] Kiprde geçirilen protestlerden soň tizleşdi” diýip, çeşme aýtdy.

Ol daşary ýurtlarda geçirilen protestler baradaky maglumatlaryň ýurt içinde giňden ýaýrandygyny belledi.

“Türkmentelekom” Türkmenistanyň ýeke-täk Internet üpjünçisidir. Ýurduň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy – “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem “Türkmentelekom” kompaniýasynyň düzümine girýär.

Türkmenistan hukuk goraýjy toparlaryň Internet azatlygy boýunça çap edýän iri hasabatlarynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG