Lebap welaýatynda harasatdan soň ýaramazlaşan Wi-Fi we mobil Internet hyzmatlarynyň hiliniň erbetleşmese, gowulaşmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäherinden habar berýär.
"Harasatdan soň, edil häzirki wagtda öýlerdäki Wi-Fi Internet hyzmatlary petiklenip dur. Bu barada köp adam nägile bolýar. Häzirki wagtda diňe Imo messenjeri işleýär, ýöne onda-da jaňlaşyp, arkaýyn gepleşip bolmaýar, diňe ýazyşyp bolýar. Başga hiç bir sosial ulgama ýa-da websaýta girip bolmaýar. Hatda howa maglumatyny hem görüp bolmaýar. Mobil Internet düýbünden işlemeýär diýsek hem bolar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy iýunda gürrüň berdi.
Ýatlatsak, 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupanyň netijesinde sebitleriň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, azyndan 37 adam ölüpdi we başga-da onlarçasy ýaralanypdy. Şeýle-de, şondan soň welaýatda öňden hem öwerlikli bolmadyk Internet hyzmatlarynyň hili has-da ýaramazlaşypdy.
Türkmenistanyň ilatyna Internet hyzmatlary döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalar tarapyndan hödürlenýär.
Ýurduň gündogar welaýatynda bu hyzmaty "TürkmenTelekom" kompaniýasy ýerine ýetirip, edaranyň resmileri Wi-Fi hyzmatlarynyň hiliniň ýaramazdygy baradaky şikaýatlara "Aşgabat tarapyndan petiklendi" diýen jogaby bermek bilen çäklenýärler. Edaranyň käbir işgärleri bolsa munuň sebäplerini "tehniki näsazlyklar" diýip düşündirýärler.
"Üstesine-de, operatorlar "siz oz Wi-Fi hyzmatlaryňyzdan nägile bolsaňyz, bize arza ýazyň. Biz siziň Wi-Fi-ňyzy 3 aý töweregi öçürip goýarys" diýip, ýüzlerini çytyp, gödek jogap berýärler" diýip, habarçy gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň ençemesi Wi-Fi bökdençliginiň sebäplerini türkmen häkimiýetleriniň harasatyň netijeleri baradaky maglumatlaryň ýaýramagyny öňüni almak tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler.
"Biz hemmämiz bilýäris, harasatyň yzyny doly oňaryp dynmasalar, Lebapda Wi-Fi beklenip durar" diýip, lebaply ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, lebaplylaryň ençemesi "TurkmenTelekomyň" başlyklaryna ýa-da Internet hünärmenlerine öýlere çekilýän Wi-Fi hyzmatlarynyň aýlyk töleginden başga-da her aý 250 manat berseň, onda onuň doly güýjünde işlär ýaly edilýändigini aýdýarlar.
"Wi-Fi hyzmatynyň aýlyk tölegi 200 manat. Onuň üstüne ýene 250 manat para berip gaýdanyňdan soň, öýüňe geleniňde Wi-Fi hyzmatynyň doly düzgünde işläp duranyny görýärsiň. Üstesine-de, eger $100 para berseň, "TürkmenTelekomyň" işgärleri Wi-Fi-y nobatsyz gurnap berýärler" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň bu barada "TürkmenTelekom" edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Türkmenistanda aprel aýynyň ahyrynda Lebap we Mary welaýatlarynda bolan apy-tupanyň yzýany, onuň ilata ýetiren zyýany barada Internetde wideolar peýda bolup başlandan soň, Lebapda Internet hyzmaty kesildi we Türkmenabat bilen aragatnaşyga geçmek kynlaşdy.
Harasatdan soň daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň we aktiwistleriň sosial ulgamlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetini açyk tankyt edip geçirýän protest çäreleri hem-de satiriki çykyşlary ýygjamlaşdy.
“Ookla” kompaniýasynyň “SpeedTest” onlaýn tizlik barlag platformasy arkaly geçen ýyl geçiren barlaglaryna görä, Internetiň öýlere ýa-da edara-kärhanalara hödürlenýän görnüşiniň (“fixed broadband”) tizligi boýunça Türkmenistan 179 ýurduň arasynda geçirilen barlagda dünýäde iň yzdaky orny eýeledi.