Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň esasy türmesine edilen bombaly we ýaragly hüjümden soň Yslam döwleti (YD) toparynyň söweşijilerini gözlemegi dowam etdirýär.
Resmiler 3-nji awgustda giçlik bolan hüjümiň netijesinde 29 adamyň ölendigini we 50-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, şol sanda parahat ilatyň, howpsuzlyk güýçleriniň we tussaglaryň arasynda pidalaryň bardygyny aýtdylar.
Welaýat häkimiýetiniň metbugat sekretary Ataullah Hogyani 13 hüjümçiniň hem öldürlendigini aýtdy. Howpsuzlyk güýçleri türmäniň töweregini gabadylar we söweşijileriň köpüsiniň gizlenýändigi çak edilýän golaýdaky meýdançada köp gatly binany barladylar.
Hüjümçiler 2-nji awgustda ir sagat altyda welaýat paýtagty Jelalabadyň türmesiniň daşynda ulagda goýlan bombany partlatdylar we howpsuzlyk güýçleri bilen bir sagatlap ýaragly söweş alyp bardylar. Söweşijileriň türmäniň golaýyndaky binalardan howpsuzlyk güýçleri bilen alyp baran söweşi gije 3-nji awgustda çenli dowam etdi.
Resmiler 50-den 100-e çenli tussagyň gaçandygyny, ýöne köpüsiniň yzyna gaýtarylandygy aýtdy.
Bu türmede beýleki tussaglaryň arasynda çak bilen 1700 "Talyban" we YD tussaglary bar. YD hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Bu hüjüm Owganystanyň ýörite güýçleriniň YD-nyň Jalalabatdaky baş edarasynyň aňtaw gullugynyň başlygyny öldürendiklerini mälim edilmeginden bir gün soň boldy.
Bu aralykda, "Talyban" bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda ok atyşygy bes etmek ylalaşygynyň 3-nji awgustda tamamlanmagy planlaşdyrylýar.
Musulmanlaryň Gurban baýramynyň Owganystana parahatçylyk getirmek boýunça gepleşiklere ýol açmagyna garaşylypdy.