Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) Ýewropadaky we Aziýadaky döwletler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri girizýän mahaly, tomus paslynda koronawirusyň planetanyň demirgazyk ýarym şarynda ýokuşmagy barada arkaýynlaşmaklyga ýol berilmeli däldigini duýdurdy.
“Adamlar henizem pasyllar hakda pikir edýärler” diýip, BSG-niň aragatnaşyk bölüminiň işgäri Margaret Harris 28-nji iýulda beren maglumatynda aýtdy.
“Hemmämiziň düşünmeli zadymyz, bu täze wirus we ... bu özüni başgaça alyp barýar" diýip, Harris Ženeweda geçirilen wirtual brifingde köpçülikleýin ýygnanyşyklarda ýaýraýan ýokuşmany haýallatmak üçin çäreleri görmekde hüşgär bolmaga çagyrdy.
Dünýäniň köp ýerinde koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň artmagy, pandemiýany gözegçilik astynda saklamak we esasan-da, wirusyň ýaýramagyny ep-esli haýalladan ýurtlarda syýahatçylyga hem-de iň bolmanda käbir hünär sportlaryna täzeden başlamak tagallalaryna howp abandyrýar.