Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly gallaçy daýhanlar hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kosenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problemalar ýitileşýär. Galla hasylyny döwlet harmanyna tabşyran daýhanlar zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär. Bu maglumatlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara sapar edip, daýhanlaryň tabşyran hasyly üçin öz wagtynda hasaplaşygyň geçirilişi bilen gyzyklmagynyň yzýanyna gabat geldi.

"Mary welaýatynda döwlete bugdaý hasylyny tabşyran gallaçy daýhanlaryň bank kartlaryna zähmet haklary geçirilip başlandy. Daýhanlar welaýatlaryň ähli etraplaryndan Mary şäherine daňdan sagat 3:00-da gelip, banklaryň işiklerinde nobat belleýärler. Sebäbi beýleki şäherçelerdäki we etraplardaky bankomatlarda nagt pul ýok. Gynandyryjy ýeri Mary şäheriniň bankomatlarynda-da nagt pul ýok" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçymyz 22-nji iýunda gürrüň berdi.

Türkmenistanda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary 5-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa 12-nji iýunda galla oragyna girişdiler.

Ýurtda tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyk işleri "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Aýdylmagyna görä, şu günler Marydaky bankomatlaryň işiginde her gün 100-den gowrak adam üýşýär. Olaryň aglabasy gallaçy daýhanlar bolsa-da, olaryň arasynda zähmet haklaryny, kömek pullaryny ençeme hepdeden bäri nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar hem bar.

"Irden sagat 8 töwereginde şäherdäki banklaryň birinde "bankyň başlygy men" diýip bir adam bankyň daşyna çykyp adamlara ýüzlendi. Ol "Adamlar biderek üýşüp durmaň, bankda pul ýok, puluň haçan boljagyny aýdyp bilmeýärin. Sebäbi özümizem bilmeýäris, size-de düşünýärin, emma näme diýjegimi bilmeýärin. Ýöne bir zat etjek bolaýyn. Biziň bankymyza ondan mundan, ýagny adamlar kredit töleglerini ýa-da şuňa meňzeş töleg geçseler, bankomada gün ortandan soň pul salarys. Emma ol pul 3 adama ýetjekmi ýa-da 5 adama ýetjekmi ony aýdyp bilmeýärin" diýip, uly nobaty dargatdy" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy adamlaryň ýagdaýynyň gün-günden kynlaşýandygyna ünsi çekip, "ozal gürlemäge gorkýan adamlaryň indi çydaman, nobatda duran ýerlerinde seslerini gataldyp öz nägileliklerini gürrüň berýändigini, ýolbaşçylara sögünýändigini" aýdýar.

"Gara zähmet çekdik, der dökdük, bilimiz agyrsa-da, özümize seretmäne wagt tapman, zähmet çekdik. Indi şol çeken zähmetimiz üçin pullarymyzy nagtlaşdyryp bilmeýäris, bergimizi berip bilmän, algydarlarymyzdan gaçyp ýörüs. Ustesine-de, hiç ýerde kartdan söwda edip bolmaýar. Algydaryma kartymy alyp gidäý diýseňem, kartyňy näme edeýin? diýýar" diýip, bankomadyň öňünde nobata duran gallaçy daýhanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Marydaky bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Maryda gallaçy daýhanlaryň zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigi baradaky maglumatlar, türkmen prezidentiniň ýurduň Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlaryna sapar edip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagyndan ençeme gün soňa gabat geldi.

Şonda Berdimuhamedow daýhanlaryň şu ýyl hem gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendigini aýdyp, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşygyň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet metbugatynda daşoguzly gallaçy diýilýan bir daýhanyň hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi baradaky sözleri getirilse-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan gallaçy daýhanlar kärendeçileriň hakyky ýagdaýy, ýagny kynçylyklary, suw, tehnika, dökün ýetmezçiligi we tebigy harasatlaryň ekin meýdanlaryna ýetiren zyýany barada hiç zat aýdylmandygyny belleýärler.

Soňky üç ýyl çemesi wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda kärendeçiler döwlet harmanyna tabşyran bugdaý hasyly üçin özleri bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeýändigini ýylyň-ýylyna tekrarlap gelýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we gallaçy daýhanlar şu ýyl bu meseläniň has-da ýitileşendigini we muňa ýurtdaky maliýe ýetmezçiliginiň agyrlaşmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Ýurt resmileri we media serişdeleri bu kynçylyklary aç-açan agzamaýarlar. Oňa derek döwlet media we metbugat serişdelerinde ýurtdaky ösüşler diýilýän sepgitler mahabatlandyrylýar.

Şu ýyl Türkmenistanda 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamak meýilleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG