BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana barýar. BSG-niň Ýewropa boýunça regional býurosynyň müdiri Hans Klýuge toparyň ýola düşendigini 6-njy iýulda öýlän Twitter arkaly habar berdi.
BSG-niň Türkmenistana barýan toparynyň agzasy Katrin Smallwood 5-nji iýulda BMG-niň resmi websaýtynda çap edilen interwýusynda 6-njy iýulda başlanjak saparyň dowamynda, BSG-niň Türkmenistana iberilýän COVID-19 boýunça missiýasynyň ýurtda COVID-19-a taýýarlyk we jogap bermek boýunça milli we ýerli häkimiýetler bilen işleşmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.
10 günlük saparyň dowamynda missiýa topary töwekgelçiliklere baha bermek we COVID-19 meselesini çözmek üçin zerur bolan jogap mehanizmlerini işläp düzmek üçin degişli ugurlardaky ýokary derejeli işgärler we saglygy saklaýyş wekilleri bilen duşuşmaga synanyşar, milli, regional we şäher derejelerindäki saglyk edaralaryna, jemgyýetçilik saglyk merkezlerine we beýleki edaralara baryp görerler diýlip, maglumatda aýdylýar.
Türkmenistan öz territoriýasynda koronawirus bilen bagly hasaba alnan ýagdaýlaryň ýokdugyny öňe sürýär. BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň Türkmenistana iki aý bäri taýýarlanan saparynyň ýurtda bu kesel bilen bagly ýagdaýy aýdyňlaşdyrmagyna garaşylýar.