Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda häkimiýetler suw joşmasynyň öňüni alyp bilmeýärler, Aşgabat dymyşlygy saklaýar


 Suw basan oba
Suw basan oba

Geçen hepdäniň aýagynda Mary we Lebap welaýatlarynda bir topar zaýaçylyga sebäp bolan Garagum derýasynyň joşmasynyň öňi henizem alynmady. Aprelde gopan güýçli harasatdan bäri özüne gelip bilmedik ilat ýerli we merkezi häkimiýetlerden ýeterlik hemaýatyň edilmeýändigini; elektrik togsuz, agyz suwsuz, azyksyz bialaç galandygyny aýdýar.

Geçen hepdäniň oratlarynda, ýagny 11-nji iýunda sosial medialarda paýlaşylan wideolarda Marynyň suw basan obalaryndaky ýykgynçylyk, ýeten zyýan gowy görünýär, ýaşaýjylaryň aljyraňňy sesleri eşidilýär.

“Suw joşmagy netijesinde [Marynyň] Niçka obasynda 50-60 hojalygy suw basdy, suw basmadyk ýerlerdäki jaýlar hem aşak çökdi, köçeleriň ugrunda gaýyk bilen ýüzübermeli” diýip, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri ýagdaýlary suratlandyrdy.

Azatlygyň çemesi suw basan obanyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Zähmet” daýhan hojalygyna degişlidigini, bu ýeriň üstünden geçip, Lebaba gidilýändigini, ýagny onuň iki sebitiň araçägi bolup durýandygyny gürrüň berdi.

Marydaky çeşmämiz, hadysadan bäri azyndan üç gün geçendigine garamazdan, ýerli häkimiýetleriň derýanyň joşmasyny heniz hem saklap bilmeýändiklerini aýtdy.

“Suwuň joşan ýerini ýapyp bilmeýärler. Tehnika işlemeýär. Suw sorujy nasoslar işlemeýär. Tehnika guýar ýaly ýag-ýangyç hem ýok” diýip, habarçy 15-nji iýunda maglumat berdi.

Anonimlik şertinde habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň biriniň sözlerine görä, derýanyň suwy paýlaýan kanallary, ýaplary ençeme ýyllap ünsden düşürilip, olarda zerur bolan gazuw işleri geçirilmändir

“Ýaplaryň köpüsini çäge basdy. Ençeme ýyllap gazylmandygy sebäpli, olar gömülip galdy. Şol sebäpli hem, derýanyň suwy böwsüp joşdy” diýip, ýerli hünärmenleriň biri gürrüň berdi.

Habarçy häzir Niçka obasynyň ejir çeken ilatynyň azyksyz, agyz suwsuz merkezden üzňe galandygyny hem belleýär.

“Ozal hepdede bir gezek ‘Zähmet’ daýhan hojalygynyň ‘Ersuw’ ilatly punktyna, ulanyş möhleti dolan bolsa-da, 20-25 adama niýetlenen gämi gelýärdi. Suw joşmasy sebäpli onuň gatnawy hem togtadyldy. Adamlar Niçkadan Mary-Türkmenabat ýoluna çykmak üçin, uly ulaglarda çölüň içi bilen azyndan 5-6 sagat ýöremeli bolýarlar. Emma ulaglar gyzgyn çägä döz gelip bilmän, hatardan çykýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Ýaşaýjylaryň jaýlary, mallary, ulaglary suwuň aşagynda galdy. Hökümetden entek hem kömek ýok, tutuş obanyň ilaty aç otyr. Her kim garyndaşyna, tanyşyna telefon edip, kömek soraýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz 15-nji iýunda gürrüň berdi.

Şu aralykda Lebapdan hem maglumat gowuşýar. Habarçymyz Kerki etrabynyň birnäçe obasyna, ekin meýdanlaryna suw joşmasyndan zyýan ýetendigini habar berýär.

Amyderýanyň suwunyň joşmagy netijesinde Gabşal, Nowruz, Ussatlar, günorta Kerkiniň Hatap obalarynda, derýanyň sag kenaryndaky Daşrabat, Bozaryk, sagdaky Hatap obalarynda, derýa kenaryna golaý öýlere, ekin meýdanlaryna uly bolmadyk, ortaça zyýan ýetdi diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de ol Köýtendagyň käbir ýerlerine zyýan ýetendigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, derýa kenaryndaky etraplar üç gün bäri howsalaly, hüşgärlik ýagdaýynda ýaşaýar, adamlar bentleriň ýakasynda, gorag tagallalaryna taýýar bolup ýatyr.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri, hökümeti tebigy hadysalar, adam ýitgileri, maddy ýitgiler hakynda maglumat bermeýär.

Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" topary Türkmenistanyň 27-nji aprelde Lebap we Mary welaýatlarynda bolan harasat netijesinde dörän maddy we adam ýitgileri barada maglumat bermezlik bilen, diňe ýurduň Esasy kanunyny däl, eýsem öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny hem bozýandygyny aýtdy.

Hukuk goraýjy 10-njy iýunda ýurduň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursyn Gurbannazarowanyň adyna ýüzlenme çap edip, bu hatyň bir nusgasynyň Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyna hem iberilendigini hem habar berdi.

XS
SM
MD
LG