Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurt raýatlarynyň zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleriniň soňky döwür has hem ýaramazlaşandygy bellenilýär.
“Geçen aýyň zähmet haklary 6-njy iýunda bank kartlaryna geçirilip başlandy. Dynç günleri banklar işlemedi. Iş hepdesiniň başlanmagy bilen, Aşgabatda adamlar pullaryny nagtlaşdyrjak bolup, bankomatdan-bankomata aýlanyp başladylar. Bankomatlaryň käbiri dolulygyna işlemeýän bolsa, olaryň käbirinde pul tapdyrmaýar. Işleýän sanlyja bankomatyň öňünde bolsa, dessine uly nobatlar döreýär” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly habarçymyz 9-njy iýunda gürrüň berdi.
Ol işleýän bankomatlardaky puluň hem dessine gutarýandygyny, uzakly gün tomusyň yssysynda garaşyp duran adamlaryň aglabasynyň pullaryny nagtlaşdyryp bilmän, ‘boş gaýdýandyklaryny’ hem sözüne goşdy.
“Bu günler Aşgabadyň işlemeýän, pulsuz bankomatlarynyň golaýynda hem onlarça adamyň bagyň kölegesinde garaşyp oturandygyny synlasa bolýar. Olar pullaryny başga ýerde nagtlaşdyryp bilmän, bankomatlara puluň gaýtadan goýuljakdygy umytlary bilen garaşýarlar” diýip, habarçymyz sözüne goşdy.
Azatlyk bu günler dowam edýän aşa yssy howanyň bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň jan-saglygyna hem oňaýsyz täsir ýetirýändigi barada habar beripdi.
Bu aralykda, pullaryny nagtlaşdyrmak umydynda birnäçe sagatlap uzyn nobatlarda garaýşan adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň hem ýüze çykýandygy barada maglumatlar gowuşýar.
“Geçen penşenbe güni Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň öňündäki bankomatda nobata duran adamlaryň arasynda ýakalaşyk ýüze çykypdyr. Köçäniň ýüzünde adam gany hem bardy. Sebite köp sanly polisiýa işgäri hem gelipdir” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bu ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatlynyň sözlerini gürrüň berdi.
Pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar Aşgabat bilen birlikde, ýurduň beýleki sebitlerinde hem saklanyp galýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri regionlardaky ýagdaýlaryň paýtagtdakydan hem has ýaramazdygyna ünsi çekýärler.
Azatlyk 3-nji iýunda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda, Gazojak şäherinde hem-de Mary welaýatynyň merkezinde ýerli ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary barada, 24-nji aprelde Türkmenabat we Türkmenbaşy ýaly ýurduň iri şäherlerinde adamlaryň pul nagtlaşdyrmakda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada yzygiderli habar berip geldi.
Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady kynçylygy başdan geçirip gelýär. Ýöne ýurt resmileri bu kynçylyklary aç-açan agzamaýar. Oňa derek döwlet media we metbugat serişdelerinde gije-gündiz ýurtdaky ösüşler diýilýän sepgitler mahabatlandyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.