Geçen ýyl duýdansyz wezipeden çekileni bäri bu Merkezi Aziýa ýurduna gözegçilik etmegi dowam etdirýän gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň koronawirus saglyk barlagy “oňyn” netije berdi.
18-nji iýunda Nazarbaýewiň metbugat gullugy öňki prezidentiň häzirki wagtda öz-özüni çetleşdirendigini hem-de uzak aralykdan işlemäge dowam edýändigini aýtdy.
79 ýaşly Nazarbaýew nebite baý ozalky sowet respublikasyny 30 ýyl töweregi dolandyryp, geçen ýylyň mart aýynda wezipeden çekilýändigini mälim etdi.
Ýöne ol hökümet başyndaky Nur-Otan partiýasyna hem-de ýurduň güýçli Howpsuzlyk geňeşine baştutanlyk etmäge dowam edýär.
Nazarbaýewiň garşydaşlary onuň häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň işlerine gözegçilik edip, 18 million ilatly ýurdy iş ýüzünde dolandyrmaga dowam edýändigini aýdýarlar.